Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Sport /Çekeleşikli geçen ýaryşlar
  20.03.2020
699
Çekeleşikli geçen ýaryşlar

        Ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adata öwrüldi. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli ussat türgenleri taýýarlamaklyga köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek barada işjeň çäreler geçirilýär.

         Muňa mysal edip Milli Bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli Bäherden etrap Kärdeşler arkalaşyklarynyň we Bäherden etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikler boýunça bölümi tarapyndan birnäçe bäsleşikler geçirildi. Ýakynda  2020-nji ýylyň mart aýynyň 13-14-ne etrabyň ýokary synp okuwçy türgenleri sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşdiler. Bäsläşikde baýrakly 1-nji we 2-nji orunlary Bäherden Sport mekdebiniň, 3-nji orny bolsa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň ýaş türgenleri eýelediler.

         Şeýle täsirli bäsleşikleriň ýene biri 2020-nji ýylyň mart aýynyň 15-16-na geçirildi. Bäsleşikde etrabyň edara-kärhanalarynyň işgärleri kiçi futbol boýunça bäsleşdiler. 1-nji orna Sport mekdebi, 2-nji orna Türkmenistanyň Senagat we Gurluşyk önümçiligi Ministrliginiň “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Bäherden sement zawody, 3-nji orna Ahal welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan Bäherden etrabyndaky Kirpili maldarçylyk hojalygynyň işgärleri mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapynda hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.