Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde 202-nji ýylyň mart aýynyň 11-15-i aralygynda sportuň Kik-boksing görnüşi boýunça diýseň çekeleşikli bäsleşik geçdi. Sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurdy diýip tanalýan, Ata Watanymyzyň, gözel Türkmenistanymyzyň buýsanjy bolan, sport türgenleriniň ençemesi sportuň Kik-boksing görnüşi boýunça geçirilen, bu ýaryşa örän işjeňlik bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzyň dürli künjeginden, has takygy Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşaguz welaýatlaryndan şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinden erjel türgenler birinjilikde güýç synanyşdylar. Ýaryşa erkek türgenler bilen bir hatarda zenan türgenlerimiziň hem gatnaşyp, özara bäsleşmekleri, türkmen ýaşlarynyň Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň şahsy-durmuş ýörelgesinden ugur alyp, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary bilen türkmen sportunyň hem barha ösýändigini aýdyň subut etdi.
Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde hepdäniň dowamynda uly baýramçylyk ruhyna beslenen, sportyň Kik-boksing görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde jemi 75 sany türgen güýç synanyşyp, şolaryň 60-sy oglanlar bolsa, 15-si gyz türgenlerdir.
Bu dabaraly çäräni ýokary derejede guramakda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Kik-boksing federasyýasy hem-de Gökdepe etrap sport mekdebi örän işjeňlik görkezdiler.
Ýaryşlaryň geçirlişi barada aýdylanda bolsa, erkek raýatlaryň arasynda 12 agram derejede, zenanlaryň arasynda bolsa 7 agram derejede geçirildi.
Bu çempionata Gökdepe etrabyndan gatnaşan türgenlerimiziň gazanan netijeleri hem bellemäge mynasypdyr. Etrabymyzdan jemi dört sany türgen ussatlyk görkezip, baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenlerimizden 86-kg agram boýunça Berdiýew Ybraýym I orna, 30-kg agram boýunça Döwletgeldiýew Gündogdy I orna, 67-kg agram boýunça Kakalyýew Serdar III orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kik-boksing federasyýasynyň hem-de Gökdepe etrap sport mekdebiniň başda durmagynda geçirilen Kik-boksing boýunça Türkmenistanyň birinjiligini örän işjeňligi we şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Bäsleşige gatnaşýan türgenler özleriniň ussatlyklaryny görkezip, kämillige tarap ýol alan, zehinli türgenlerdigini äşgär etdiler. Ýaryşda türgenleriň görkezen sport çykyşlary, bäsleşikleri ýakyndan synlamaga ýygnanan tomaşaçylary, sport janköýerlerini hem diýseň begendirdi. Olar şowhunly el çarpyşmalary we göwün göteriji hem-de üstünlige ruhlandyryjy joşgunly sözleri bilen öz toparlaryny goldadylar.
Çempionatyň dowamynda ussat tälimçilerden düzülen emin agzalary tarapyndan ýaryşyň şertlerine görä, ýeňijiler hem kesgitlenilip, baýrakly orunlara mynasyp bolan erjel türgenler Türkmenistanyň sport we ýaryşlar syýasaty ministrliginiň hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Kik-boksing federasyýasynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen dabaraly ýagdaýda sylaglandylar.