logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Nature /Çarwa nowruzy — alabahar
  20.02.2023
1241
Çarwa nowruzy — alabahar

Ata-babalarymyzyň ýyly 12 döwre bölüp, 22-nji fewraldan mart aýynyň 20-sine çenli döwri çarwa nowruzy diýip atlandyrmagynyň özboluşly sebäbi bar. Çarwalar şu aralygy dowarlardan owlak-guzy almagyň iň bir amatly döwri diýip kesgitläpdir. Şu döwürde doglan owlak-guzular örän sagdyn gelýär. Olar enesine agram salman, tiz otugýar. Dogry, bu döwür gyşyň öz ornuny ýaza berýän döwri bolansoň, tebigatda köp üýtgeşmeler-de ýüze çykýar. Sowuk, çabgaly we ýelli günler-de köp bolýar. Ine, şeýle günlerde çarwalar tebigatyň döredýän bu kynçylyklaryny ussatlyk bilen ýeňip geçmegi-de başarýar.

Döwrüň başynda gündiziň dowamlylygy 11 sagat 2 minuda barabardyr, döwrüň ahyrynda bolsa, gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolýar. Türkmen halk senenamasy boýunça 21-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanýar, 22-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip baýram edip belläpdirler.

Gyşdan soň ýaz örä sürlen mallaryň bakylýan ýerinde ähli zerur şertler göz öňünde tutulýar. Örüleriň tekiz we üsti bassyrmaly agyllara ýakyn bolmagy esasy talapdyr. Her bir çopan ýaz örüsini özi saýlap, oňa tä tomsa çenli eýelik edýär. Öriniň otuny mallara rejeläp iýdirýär. Ýazlaga çykyp, ýaýladan ak öýüni diken çarwalar dowarlaryň owuz süýdünden sarganmaýa taýýarlapdyrlar. Ilki bilen, birek-birege hödür-keremden, soňra çarwa nowruzynyň bereketli gelmegi, rysgalyň bol, owlak-guzularyň ekiz bolmagy dileg edilipdir.

Howa maýladygyça, meýdanlar gök öwsüp, dürli reňkli, köp görnüşli ýaz güljagazlary açylyp başlaýar. Seleň sähralarymyz, giň düzlüklerimiz, ajaýyp baýyrlyklarymyz ýaşyl mahmala bürenip, güller bilen bezelýär. Şu döwürde eziz Diýarymyzyň mährem keşbini, gözel görnüşini synladygyňça, synlasyň gelýär. Tebigatyň bu gözelligi, gök otlaryň, dürli gülleriň hoşboý ysyna ýugrulan ýazyň ýakymly howasy, sähralaryň üstünden öwüsýän jana şypa beriji mylaýym şemal üýtgeşik duýgulary oýaryp, kalbyňy heýjana getirýär.

Möwsüm döwri çopan-çoluklar arly ýyl çeken zähmetiniň miwesi bolan owlak-guzulary köp almak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olar owlak-guzulary ygtybarly saklamak üçin yhlas bilen aýratyn alada edýärler. Şeýle alada bilen gurşalan guzujyklar sagdyn ösýärler. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.