logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /ÇAGALARA TOÝ SOWGATLARY
  04.09.2019
1736
ÇAGALARA TOÝ SOWGATLARY

   Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Ahal welaýatynyň çäginde täze, döwrebap orta mekdepleriň birbada ikisi açylyp ulanylmaga berildi. Altyn güýzüň ajaýyp çagynda Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäherinde 600 orunlyk orta mekdebiň, Bäherden etrabynyň Arçman obasynda 620 orunlyk orta mekdebiň görkana binalary hormatly Prezidentimiziň özboluşly toý sowgady hökmünde garşylandy.

   Täze orta mekdepleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşan bagtyýar raýatlar bu günki wakanyň taryhy ähmiýeti hakda aýratyn söz açyp, ýurdumyzda bilime giň ýol açandygy, ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, hünär öwrenmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda hemme şertlerdir mümkinçilikleri döredendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini uly buýsanç bilen beýan etdiler. Toý gününde açylyp, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen döwrebap orta mekdepleriniň her biri özündäki giň mümkinçilikler, şertler, döwrebap enjamlaşdyrylyşy we ýokary hil derejesinde gurlandygy bilen tapawutlanýar.

     «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň her biri iki gatdan ybaratdyr. Olaryň gurluşyklaryny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalar alyp bardylar.

   Täze mekdepleriň okuw otaglary häzirki zaman kompýuterler, interaktiw-multimedia enjamlary bilen ýokary derejede enjamlaşdyrylandyr. Ýaşlaryň el hünärini alyp almagy ugrunda ajaýyp şertler göz öňüne tutulypdyr. Sport zallardyr meýdançalary ýaşlara giň amatlyklary açýar.