logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Boing kim?
  19.04.2023
819
Boing kim?

Bu soraga «kim» däl-de «näme?» diýip düzediş berjegiňiz seýrek däldir. «Boing» sözüniň aňladýan manysy biziň durmuşymyzda uçaryň görnüşi hökmünde girdi. Sebäbi laçyn nyşanly türkmen uçarlarynyň hem köpüsi ýokary amatlylykly 757, 737, 717 kysymly «Boing»-lerdir.

«Boing» amerikan uçar konserniniň ady bolup, şol konserniň öndüren uçarlary hem «Boing» diýip atlandyrylýar. Ýöne, bu sözüň adam ady bilen baglydygyny ýadymyzdan çykarmaly däldiris. 

Eýsem, Boing kim?  

Uilýam Boing (William Boeing (1881-1956)) amerikan awiakonstruktory we senagatçysydyr. Ol 1903-nji ýylda Ýel uniwersitetini tamamlaýar. 1916-njy ýylda özüniň ilkinji uçaryny ýasaýar hem-de «Pacific Aero Products» atly uçar şereketini esaslandyrýar. Birnäçe aý geçeninden soň şereketiň ady «Boeing Airplane Co» diýip üýtgedilýär. 1927-nji ýyla çenli Boingiň şereketi, esasan, harby uçarlary, şeýlede ýük daşaýan uçarlary ýasamaga ýöriteleşýär. 1934-nji ýylda Boing şereketiniň özüne degişli bölegini satýar hem-de çapylýan atlary köpeltmek bilen meşgullanýar. Boingiň uçara bolan söýgüsi, gyzyklanmasy ýok bolup gitmeýär, ikinji jahan urşy döwründe ol özüniň öňki uçar kärhanasynyň maslahatçysy bolýar. Bu kärhana «Boing-707» ýolagçy uçaryny döretmek baradaky taslamanyň üstünde işläp başlaýar.

Täze uçar 1954-nji ýylda doly taýýar bolýar. U.Boing öz kärhanasynda ýasalan ilkinji ýolagçy uçarynyň asmana galşyny görmäge ýetişýär. Häzir «Boing» uçarlarynyň dürli kysymlary öndürilýär. Olaryň birnäçesi dünýä rekordyny goýýar. Meselem, 1989-njy ýylda ulanyşa berlen «Boing-747» uçary dünýäde iň köp ýolagçy ýerleşýän uçar diýlip yglan edildi. Bu uçaryň ganatlarynyň gerimi 64,9 metre, uçuş uzaklygy 13340 kilometr aralyga deňdir. Oňa 566 ýolagçy ýerleşýär. 

 

Merjen NURYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.