logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Science and Education /Biz nesiller ýagty ertä barýarys
  28.12.2019
938
Biz nesiller ýagty ertä barýarys

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halky asuda, parahat, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşaýar. Günlerimiz toýlara beslenip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary Ata Watanymyzda uly abraýdan peýdalanýarlar. Edilýän işlerine uly sarpa goýulýandygyndan ylham alýan medeniýet we sungat ussatlarynyň öňünde goýan maksatlary diňe bagta rowana!

    Biz nesiller ýagty ertä barýarys” Ynha şeýle at bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi medeniýet öýünde etrabyň medeýiet bölüminiň garamagyndaky 8 sany oba we şäherçe medeniýet öýleriniň çeper höwesjeňleriniň gatnaşmaklarynda bäsleşik geçirildi. Bu geçirilen çekeleşikli bäsleşige etrabyň aýdym-saz gurnagynyň, tans gurnagynyň drama toparynyň, şeýle-de çeper okaýyş gurnagynyň çeper höwesjeňleri gatnaşdylar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen bu bäsleşigiň baş maksady ýaş höwesjeňler ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige etrabyň medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlary, şeýle-de ýokary synp mekdep okuwçylary işjeňlik bilen gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan çeper höwesjeňler bäsleşigiň dowamynda uly ussatlyk bilen çykyş etdiler. Bu bäsleşik örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýörite düzülen eminler topary bäsleşikde tapawutlananlary saýladylar.

     Netijede, Ak bugdaý etrabynyň Berkarar şäherçe medeniýet öýüniň çeper höwesjeňlerinden düzülen tans topary, Täze durmuş oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Didar Nurgeldiýew, Ýaşyldepe obasynyň çeper höwesjeň aýdymçysy Resul Annaýew dagylar has-da tapawutlanmagy başardylar. Bäsleşikde ýeňiji bolanlary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň ýolbaşçysynyň tassyklan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Ak bugdaý etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

   Ak bugdaý etrabynyň Gämi medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşik uly üstünliklere beslenip geçdi.