Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk – parahatlyk mukamy
  25.11.2024
211
Bitaraplyk – parahatlyk mukamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan asylly işler dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryny diýarymyza gönükdirip, olaryň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny barha artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasatlary netijesinde eziz Watanymyz gysga döwrüň içinde batly depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawyndan orun aldy. 

 

Türkmenistan Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolany bäri uzak wagt geçmese-de, ýurdumyz asyrlara barabar ösüşli menzilleri külterläp gelýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 185 döwletiň goldamagynda, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu seneler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm waka öwrüldi.  

 

Her ýylyň 12-nji dekabrynda agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip Halkara Bitaraplyk baýramyny uludan belleýär. Munuň özi hem bagtlylygyň aýdyň güwäsidir!

 

Bibinabat Nurmyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.