Bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ady nagyşlara öwrülip ýazylan Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda alyp barýan beýik işleri halkara derejesinde uly gyzyklanma döredip, dünýä bilermenleriniň üns merkezinde bolup durýar. Häzirki wagtda bagtyýar türkmen halky Halkara Bitaraplyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Ynsanperwerligiň, hoşniýetligiň egsizlmez bagtyna öwrülen Hemişelik Bitaraplyk baýramy her ýyl uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň halkara-hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda 185 döwletiň ykrar etmegi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 12-nji dekabry Hemişelik Bitaraplyk hakynda rezolýusiýa kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 63-nji mejlisinde 193 döwletiň ykrar etmegi bilen Türkmenistan döwletimize 2-nji gezek Bitaraplyk statusynyň berilmegi biziň ýurdymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen Bitaraplyk syýasaty doly öz many-mazmunyna eýe boldy. Biziň Bitaraplyk syýasatymyz häzirki wagtda dünýä ýüzine nusgalyk syýasat hökmünde hereket edýär. Bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ähli syýasatlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň 71-nji mejlisinde ýörite ykrarnama kabul edildi. Şol ykrarnama esasynda hem Türkmenistanyň “Bitaraplyk gününi-Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edildi. Türkmenistan diýarymyz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Biziň baş maksadymyzdyr.
Häzirki wagtda biziň Türkmenistan döwletimiziň özüniň asyl nusgasyny Oguzhan atamyzyň ýaşyl tugundan, türkmen sährasyndan alyp gaýdýan ýaşyl tugumyz Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň arasynda özüniň has owadanlygy bilen buýsançly pasyrdaýar.
Ynha şu aýdylan ajaýyp sözlerden ugur alyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli birnäçe aýdym-sazly medeni çäreler we wagyz-nesihat maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Şeýle-de, 01.12.2021-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap bölüminiň, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrabyndaky ilkinji guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly çäresi geçirildi. Bu geçirilen çärä il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar we Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň agzybir işgärleri işjeň derejede gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu aýdym-sazly çäre aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de, çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň zehin sahawatyndan syzylyp çykan mukaddes eserlerini, kitaplarynyň sergisiniň gurnalmagy çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Etrap çagalar sungat mekdebiniň çagalarynyň ýerine ýetirmeginde gurnalan sungat sergisi çärä aýratyn bir öwüşgin berdi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesi barada buýsançly sözleri aýtdylar. Geçirilen aýdym-sazly dabaraly çärede Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny we tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.