Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk — köňülleriň birligi
  26.11.2024
184
Bitaraplyk — köňülleriň birligi

Parahatçylyk — dünýädäki iň uly gymmatlyk. Bilşimiz ýaly, türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanýar.

 

Milli Liderimiz geçen ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahypalary hakda giňişleýin durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem beýan etdi.

 

Ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýäniň syýasy senenamasynda täze baýramçylyk — Halkara Bitaraplyk güni döredi. Munuň özi halkara gatnaşyklarda gazanan milli tejribämiziň ykrar edilmesidir.

 

Bitaraplyk dünýäde gatnaşyklary kadaly ýöretmekde täsirli syýasy, ykdysady, ynsanperwer ýörelge hökmündäki ornuny netijeli pugtalandyrýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary çylşyrymly halkara ýagdaýlaryň çäginde gymmatly tejribe, nusgalyk ýol bolup öňe çykýar. Milli Liderimiziň hut özüniň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýanyň häzirki döwürde has giň goldaw tapandygy buýsançly hakykatdyr. Çünki dünýäniň abatlygy halklaryň agzybirliginde, jebisliginde jemlenýär.

 

Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk we ösüş höküm sürsün!

Gülnäz AÝTUGANOWA,
TDP-niň Köýtendag etrap komitetiniň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça EHM-iň operatory.