logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk - erkinligiň nusgasy
  09.12.2023
1027
Bitaraplyk - erkinligiň nusgasy

Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlapdy. Aslynda, bitaraplyk türkmeniň ganynda bar häsiýet. Garaşsyz Türkmenistan türkmeniň içki häsiýetindäki dawadan-şerden gaça durmak islegini döwletiň daşary syýasaty derejesine galdyrdy. Türkmen öňde-soňda abat we berkarar durmuş üçin göreşen halk. Watanymyzyň basyp öten ýoluny, amala aşyran taryhy işlerini hasaba alsak, bu günki parahatlygymyzyň, Bitaraplyk derejämiziň, ýeten sepgitlerimiziň, ine, şol agyr we muşakgatly döwrüň öwezine berlendigini bilmegimiz gerek. Şeýle beýik derejäni hiç kim mesaňa diýip, eliňe getirip ýa-da ony gazananyňdan soň gorap bermeýär. Onuň üçin göreşmek, gadryna ýetmek talap edilýär.

 

 

...Ynsanyýet ömrüniň dowamynda beýik maksatlara ýetmek üçin dyngysyz gözlegde, hereketde bolýar. Beýik maksatly ynsanyň arzuw-umytlaryny amala aşyrmagyň iň uly güýji – asudalyk we parahatlykdyr. Adatça, «asudalyk» sözi hiç kimi bimaza etmezligi, näsazlyklaryňy, meseleleriňi uruş-jenjelsiz çözmegi, durmuşyň parahat akymda gitmegini aňladýar. Maşgalada asudalyk höküm sürse, şol maşgala döwletli, berk binýatly, bagtyýar maşgala. Il-halkyň asuda bolsa, döwlet diňe belent sepgitlere ýeter. Uzaga gitmek gerek däl. Muny baky Bitaraplygyny alan ata Watanymyzyň mysalynda göre-göre gelýäris.

 

 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda  Rezolýusiýa kabul edildi. Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarlydygy, dünýäniň syýasy giňişliginde mynasyp orun tutýandygy, ykdysady taýdan kuwwatlydygy, syýasy taýdan durnukly hem asudadygy, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýandygy, ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýä ýurtlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýandygy nazara alnyp, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa ikinji gezek 193 sany BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edildi.

 

 

Adam özüni howpsuz duýanda ýylgyrýar. Türkmenistan bolsa dünýäde iň howpsuz döwletdir. Diýmek, Türkmen Bitaraplygy dünýäniň ýylgyryşydyr. Goý, dünýe dursun, eziz Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz dursun!

 

 

Jangeldi NOBATOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.