logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Economics /BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY
  12.08.2019
1087
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY

   12-nji awgustda  “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän bu foruma Hazarýaka ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlaryndan başga-da, dünýäniň birnäçe döwletleriniň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de alymlar, hünärmenler, işewür wekiller, biznes toparlary, bilermenler, syýahatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, meýletinçiler we başga-da köpsanly myhmanlar gatnaşýar.

   Sebit döwletleriniň taryhyna  altyn harplar bilen ýazyljak bu forumyň dowamynda dünýä, sebit, deňizýaka ähmiýetli birnäçe maýa goýum taslamalara garalar, Hazar deňzini bir bitewi eýeli ulanmagyň ylalaşyklarynyň gazanylmagyna garaşylýar.

      Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gojaman Hazaryň tebigy gurşawyny gorap saklamak, hapalanmagynyň öňüni almak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, suw astyny ylmy taýdan giňden öwrenmek maksady bilen kenarýaka döwletleriň alymlaryndan ybarat bolan topary döretmek, balyk ätiýaçlyklarynyň, suw jandarlarynyň, suw ýüzünde howa gämileri üçin menziliň akwatoriýalaryny kesgitlemek ýaly bähbitli çözgütlere ähli taraplaýyn institusional çemeleşilmegi babatynda GDA ýaly abraýly guramalaryň düzüminde Hazar deňzi boýunça bir bitewi ygtyýarly edarany döretmegiň meselelerine hem serediler.

   Forum Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarar.