logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY
  13.07.2019
1238
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY

   Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen,  «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» ýylynyň 12-nji awgustynda ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.  Dünýä taryhynyň mizemez gatyna altyn harplar bilen ýazyljak bu forumy geçirmek bilen, Türkmenistan özüni ýene bir ýola ygrarly hyzmatdaş, myhmansöýer, ylalaşdyryjy, parahatsöýüji, goňşusynyň ykdysady ösüşine ýardamçy merkez hökmünde ykrar etdirer. Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga dünýä bileleşiginiň köp sanly döwletlerinden ýolbaşçylaryň, alymlaryň, hünärmenleriň, işewür wekilleriň, biznes toparlaryň, bilermenleriň, syýahatşynaslaryň, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň, meýletinçileriň we başga-da köpsanly myhmanlaryň gelmegine garaşylýar.

  Forumynyň çäklerinde  Hazarýaka döwletleriň ählisiniň wekiliýetlerinden düzülen köpçüligiň oňyn pikirlerini deňlemek bilen dünýä, sebit, deňizýaka ähmiýetli birnäçe maýa goýum taslamalaryň, Hazar deňzini bir bitewi eýeli ulanmagyň ylalaşyklarynyň gazanylmagyna garaşylýar. Mundan öňki Hazaryň taryhynda Hazarýaka döwletleriň Döwlet ýolbaşçylarynyň ähli duşuşygynyň manysy deňiz ýalpaklyk  çäkleriniň paýynyň oňyn bölünişigi bolan bolsa, bu  gezek geçirilýän Hazar ykdysady forumy onuň bähbidini deň hukukly peýdalanmagyň, deň paýda özleşdirmegiň, baýlygyny goramagyň, biodürlüligini netijeli artdyrmagyň ýolundaky ilkinji ykdysady diplomatiýa ýygnanyşygydyr.

      Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gojaman Hazaryň tebigy gurşawyny gorap saklamak, hapalanmagynyň öňüni almak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, suw astyny ylmy taýdan giňden öwrenmek maksady bilen kenarýaka döwletleriň alymlaryndan ybarat bolan topary döretmek, taryhyna, şu gününe, geljegine salgylanýan iňlis, rus, pars  dillerindäki kitabyny çapa taýýarlamak, balyk ätiýaçlyklarynyň, suw jandarlarynyň, suw ýüzünde howa gämileri üçin menziliň akwatoriýalaryny kesgitlemek ýaly bähbitli çözgütlere ähli taraplaýyn institusional çemeleşilmegi babatynda GDA ýaly abraýly guramalaryň düzüminde Hazar deňzi boýunça bir bitewi ygtyýarly edarany döretmegiň meselelerine hem serediler.

    Wekilçilikli foruma ykdysady taýdan kuwwatly hem durnukly, bäsleşige ukyply, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine jogapkärçilikli çemeleşýän kompaniýalaryň we firmalaryň,  dürli eýeçilik görnüşli edara-kärhanalaryň, maliýe-karz guramalaryň wekilleriniň, öňdebaryjy bilermenleriniň, hünärmenleriň, işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň işiniň rowaçlyklara beslenjekdigine bil baglamak bilen, ýurdumyzyň senagatynyň aýry-aýry toplumlarynyň döwlet we hususy böleklerine açyklyk esasynda çekiljek maýalaryň günsaýyn kemala gelýän milli önümçilik düzüminiň bazar bäsleşigine ukyplylygyny has-da pugtalandyrjakdygyny ynamly aýtsa bolar.