Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /BIRIŇ MÜŇ BOLSUN!
  11.09.2019
687
BIRIŇ MÜŇ BOLSUN!

     Ahal welaýatynyň gallaçylary  güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişdiler. Ak bugdaýyň asyl mekanynda bu möhüm oba hojalyk çäresi hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen il sylagly ýaşulularyň  gatnaşmagynda badalga aldy. Geljek ýylyň hasyly üçin 195 müň gektar meýdanda galla ekmegi we ondan 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy almagy maksat edinýän welaýatyň ak ekin ussatlary ekişe ähli taraplaýyn ýokary taýýarlykly geldiler.

       Welaýatda güýzlük bugdaý ekişine başlamazynyň öňüsyrasynda bu oba hojalyk möwsümini guramaçylykly, öz wagtynda geçirmek boýunça geçirilen  usuly maslahat täsirliligi bilen tapawutlandy. Welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň,  tutuş oba hojalyga dahylly guramalaryň jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda bolan maslahatda çykyş edenler galla ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmegiň oba hojalygyndaky iň  möhüm çäreleriň  biridigini bellediler.

    Usuly maslahata gatnaşyjylar oba zähmetkeşlerine döwlet tarapyndan goldaw-hemaýatlaryň, kömekdir ýardamlaryň yzygiderli berilýändigini aýratyn nygtap geçdiler hem-de munuň üçin hormatly Prezidentimiziň adyna adyna hoşallyk sözleri aýtdylar.

     Soňra maslahat gatnaşyjylar Ak bugdaý etrabynyň “Göwres” daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda — çäre üçin ýörite niýetlenen ýerde dowam etdi. Il sylagly ýaşulular ýagşy arzuw-dilegler bilen dabaraly ýagdaýda topraga tohum taşladylar we bugdaý ekişine badalga berdiler.  Ol ýere ýygnanan ýaş nesliň wekilleri, oba hojalyk işgärleri, beýleki köpsanly myhmanlar hem ýaşulularyň göreldesine eýerip, “Biriň müň bolsun!” diýip, topraga tohum sepdiler. Ekiş geçiriji tehnikalar hem meýdana goýberildi.

      Şol gün welaýatda güýzlük däne ekişine girişilmegi mynasybetli bolan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Ol ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň  ýerine ýetirmeginde zamanamyzyň buýsançly waspy bolan joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy, döwrebap öwüşginli tanslara tomaşa edildi, dürli mazmunly sergiler ýaýbaňlandy, sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy hem-de dürli tagamlar taýýarlanylyp, oňa gatnaşyjylara  hödür-kerem edildi.