Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimli ýaşlar – ata Watanyň daýanjy
  20.01.2023
1047
Bilimli ýaşlar – ata Watanyň daýanjy

Berkarar Watanymyzda ylym-bi­limi ösdürmek, ýaş nesil hakyndaky alada esasy möhüm wezipeleriň biridir. Ösüşiň bu ýoly bi­len halkymyzyň aýdyň ertiri, be­ýik gel­je­gi­ binýat bolýar. Şo­ňa gö­rä-de, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, eziz hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin bagtyýar ýaşlarymyzyň ata Wa­ta­ny söý­mek, ag­zy­bir­lik, dost-do­gan­lyk, je­bis­lik ýa­ly aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri, tu­tan­ýer­li­ hem yhlasly oka­ma­gy, tä­ze bi­lim­le­ri öz­leş­dir­me­gi, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ma­gy ze­rur­dyr. Ýagty gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ryň saýlan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim al­mak­la­ry üçin Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Or­ta hü­när we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň we ola­ra ka­bul edil­ýän ta­lyp­la­ryň sa­ny ýyl-ýyl­dan art­ýar. Mer­da­na hal­ky­myz üçin ta­ry­hy wa­ka­la­ra, uly üs­tün­lik­le­re beslenip gelen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýy­lyn­da hem şeýle ösüşler aýdyň duýulýar. Mermer paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da or­ta mek­dep­le­riň we ça­ga­lar bag­la­ry­nyň ençemesiniň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşyr­ýan öz­gert­me­le­ri­mi­ziň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na, bu ugur­da müm­kin­çi­lik­le­riň yzy­gi­der­li gi­ňel­ýän­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu asylly işler Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dö­re­di­ji­le­ri­niň tä­ze nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gin­de no­bat­da­ky ädimdir. Çünki ýaş­ nesiller ýur­du­my­zyň gel­je­gi­dir, daýanç sütünidir. Bi­ziň döw­le­ti­miz bi­li­miň de­re­je­si­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip, ra­ýat­la­ry­my­zyň, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­la­ryň hä­zir­ki za­man dün­ýä yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, te­bi­gy ylym­la­ry­ny, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş yl­my­ny ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ny öw­ren­mek işi­ne çek­mä­ge ýar­dam edýär. Gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ra döw­rü­mi­ziň bar­ha ös­ýän ta­lap­la­ry­na la­ýyk bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek, dür­li hü­när­le­ri öw­ret­mek, yl­ma we dö­re­di­ji­li­ge ug­ruk­dyr­mak, mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­lik ru­hu­ny, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, zäh­met en­dik­le­ri­ni, mil­li däp­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­mek ýurdumyzda alnyp baryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­ri­ň esa­sy­ny düz­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň öňe git­me­gi­niň, döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bin­ýa­dy hök­mün­de bi­lim ul­ga­my­ny ýo­ka­ry hil­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­r batly dep­gin­li do­wam et­di­ril­ýär. Ösen aň-dü­şün­je­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li, dö­re­di­ji­lik ukyp­ly, hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan oňat baş çy­kar­ýan, işi­ne us­sat hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry ýo­ka­ry hil­li elekt­ron bi­lim mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär, san­ly se­riş­de­ler giň­den peý­da­la­ny­lyp, bi­li­miň maz­mu­ny has-da baý­laş­dy­ryl­ýar. Şeýle asylly ýörelgeleri bilen eziz halkymyzy, ýaşlarymyzy bagt­ly gel­je­ge alyp bar­ýan Arkadagly Serdarymyzyň alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri­nde uly üs­tün­likleri ar­zuw ed­ýä­ris! 

 

Baýram GURBANDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.