logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimli nesil watan buýsanjy
  16.10.2021
773
Bilimli nesil watan buýsanjy

“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döwlet galamyndan syzylyp çykan “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitaby halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak uly sowgatlaryň biri boldy. Bu kitap 13 sany “Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy”, “Türkmen halky-döwlet häkimýetiniň ýeke-täk eýesi”, “Budur türkmen binasy!”, “Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy”,  “Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar”, “Türkmen topragy-bereket mekany”, “Türkmen halky-dörediji we  gurujy halk”, “Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe-ösüşiň özeni”, “Ýoluňyz ak bolsun!”, “Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!”, “Ýaşyl ykdysadyýet-ýaşaýyş ýörelgesi”, “Bazary baryň baýlygy bar”, “Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlidiris, geljeklidiris” ýaly baplardan ybarat bolup, bu baplarda Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra amala aşyrylan işler, olaryň taryhy ähmiýeti barada birnäçe maglumatlar bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň akyl paýhasyndan dörän bu kitap, asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahatdyr. Kitabyň sahyplarynda Garaşsyzlyk we onuň gözbaşlary barada pikir ýöredilip, hemme beýik ýeňişleriň üstünlikleriň we häzirki Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde barha artýan abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň gazanylmagynyň durýandygy nygtalýar. Kitabyň “Türkmen halky-döwlet häkimýetiniň ýeke-täk eýesi” diýen bölüminde türkmenlere mahsus bolan sabyr-kanagatlylygyň netijesinde ýaş, özbaşdak döwletiň kemala gelýän döwründe esasly çözülmegini talap edýän ençeme çylşyrymly meseleleri ýeňip geçmegi başarandygy bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki orta mekdeplerde, çagalar baglarynda bu kitabyň taryhy mazmunynyň tanyşdyrylyşy boýunça ýörite ylmy amaly okuw-sapaklary, maslahat duşuşyklary geçirilýär. Maslahatlara hem-de okuw sapkalara gatnaşan bilim ulgamynyň işgärleri, mekdep okuwçylary Gahryman Arkadagymyza ak ýürekleri bilen, özleriniň çuňňur hoşallyklaryny we minnetdarlyklaryny bildirýärler.