Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, bedew bady bilen öňe barýan güneşli diýarymyzda, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak güllere beslän nurly günlerinde, “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda, ata Watan Türkmenistan ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşlere, özgerişliklere we ýokary derejeli üstünliklere beslenýär. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilimde hem mynasyp işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň alnyp barylmagynda bolsa, ýaş nesiliň kitap okap, ylym we bilim taýdan kämilleşmeginiň esasynda bolsa uly sepgitler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesiliň ylymly we bilimli bolup ýetişmekleri üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyz uly aladalar edýär. Ylym-bilim ojaklarynda, ylym we bilim taýdan kämilleşmekleri üçin döwrebap we ähli mümkinçilikleri bar bolan ýokary derejeli kitaphanalary we döredijilik merkezlerini açyp ulanmaga berdi. Galyberse-de welaýat merkezlerinde, etraplarda, mekdeplerde we medeniýet öýlerine döwrebap kitaphanalar bar. Her bir ýaş nesil kitap okap bilim alsa, onuň dünýä garaýşy giňäp ýatkeşligi güýçlenýär, durmuşa olan höwesi artýar, we ruhy taýdan sagdyn bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň “Bilimli nesil-kuwwatly Watan” diýip belleýşi ýaly, ýaş nesiliň ylymly-bilimli bolup kemala gelmeginde kuwwatly Watanymyz hem dünýä halklarynyň arasynda barha abraýy artyp, ýokary sepgitlere ýetýär. Mundan başga-da Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesiliň bilim almaklary üçin ýokary okuw jaýlary, orta hünär okuw mekdepleri we orta bilim berýän mekdepleri açyp ulanmaga berýär.
Şeýle-de daşary ýurt döwletlerinde hem bilim almaga mümkinçilikleri döredip berýär. Bu bilim ojaklarynda hem ýaşlar ylym we bilim alyp Watanymyzy gülläp ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýärler. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýaşlaryň sowatly bolup kemala gelmeklerinde öz nusgalyk göreldesine eýerip, ýaşlara atalyk kitaplaryny we eserlerini peşgeş berip, ýaş nesiliň ylymly we bilimli bolup kemala gelmegi üçin öz goşandyny goşýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykmagy netijesinde, ýaş nesiliň watançylyk ruhuny terbiýelemekde öz ata Watanyna bolan söýgüsiniň artmagy üçin “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Watan goragy mukaddesdir” ýaly eserleri we mundan başga-da ýaş nesiliň türkmen halkynyň taryhy ýörelgelerini häzirki günlerde ýol ýörelge edinip durmuşa geçirmekleri üçin “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserini hem türkmen halkyna peşgeş berdi. Hormatly Prezidentimiziň “Häzirki döwürde ösen döwletleriň esasy baýlygy ylym-bilim. Watanymyzyň ylym-bilim kuwwaty artýar.
Ýurdumyzda her bir raýat üçin ösen ylmyň elýeterliligini üpjün etmek hemişe esasy aladalaryň biri bolar” diýip belleýşi ýaly ýurdumyzdan bilim ulgamy boýunça birnäçe giň mümkinçilikleri döredip berýär. Şeýle giň mümkinçlikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mydama rowaçyklara beslensin!