Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /BILIM ULGAMYNYŇ ÖSÜŞLI MENZILLERI
  16.06.2022
1163
BILIM ULGAMYNYŇ ÖSÜŞLI MENZILLERI

Baky bagtyýarlykdan, sarsmaz berkararlykdan kuwwatlanýan eziz ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ylmyň-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak arkaly ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýurdumyzy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meseleler üstünlikli çözülýär. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi gazanylýan ösüşlerde aýdyňlygy bilen şöhlelenýär.   

 Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde  ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün etýär. Netijede, döwletimiz dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşýar. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Bulardan başga-da, hünärmenleriň taýýarlyk derejelerini kämilleşdirmeklige yzygiderli üns berilýär, dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Watanymyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty has-da kämilleşdirilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň ýolunda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrýar. Bilim ulgamynyň hukuk binýadyny düzgünleşdirýän, bilim işini dolandyrmagyň täze, döwrebap guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kadalar hem-de düzgünler, döwlet syýasatynyň bu ugurdaky ýörelgeleri, hünär biliminiň bilim maksatnamalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary girizilen düzgünnamalaryň taslamalary taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda ylym-bilim barada şeýle ajaýyp nakyllar getirilýar: “Dünýäniň iň gymmatly baýlygy ylym hem-de hünär öwrenmekdir”, “Ylymly-ozar, ylymsyz-tozar”, “Ilden alynýan, ile hem berilýän baýlyk – ylym-bilimdir”.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň, ylym-bilim ojaklarynyň düzümi kämilleşdirilip, sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Şeýle mümkinçilikler bolsa ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine bildirilýän uly ynamdyr. Çünki ýurdumyzda adama, onuň döredijilik ukyp-başarnygyny, zehinini açmaga ägirt uly maýa goýulýar. Döwlet derejesinde şeýle uly ünsüň berilmegi  raýatlarymyzda berkarar döwletimize, asuda ýurdumyza bolan buýsanç duýgusyny has hem artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, biz bilim işgärleriniň halal zähmet çekmegi, netijeli işlemegi ugrunda giň gerimli işleri bilen durmuşymyzy bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Dilaram SABUROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň
63-nji orta mekdebiniň
başlangyç synp mugallymy.