logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işi rowaçlanýar
  24.12.2022
1110
Bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işi rowaçlanýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň abadançylyga, bagtyýarlyga beslenmegine uly mümkinçilik döredýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatdaky kararlaryň kabul edilmegi, internet web-saýtlaryny döretmek we olary işe girizmek boýunça başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Sanly ulgam babatda amala aşyrylýan bu işleriň ählisinde maglumat binýadynyň howpsuzlygyny üpjün etmek möhümdir. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça zerur işleriň geçirilmegi hem-de bu ugurda degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagy we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Kämil tehnologiýalaryň barha kämilleşmegi netijesinde täze, akylly enjamlar, elektron hyzmatlar jemgyýetde adamzadyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Akylly ulgamlar döwlet edaralarynyň we ähli pudak edaralarynyň işine yzygider ornaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmak boýunça işleriň döwrebap derejede ýola goýulmagy, dünýä tejribesini nazara almak arkaly bu ulgamyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksadalaýyk amala aşyrylýandygyndan habar berýär. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda dünýä ülňülere laýyk gelýän döwrebap tehnologiýalara esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreleriň gerimi barha giňeýär. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak bilen bagly wezipeler tapgyrlaýyn ýagdaýda durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýlary bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly onlaýn görnüşinde geçirilýän okuw sapaklary, ylmy maslahatlar munuň aýdyň şaýadydyr. Sanly ulgama doly geçmek milli ykdysadyýetimiz, şol sanda bilim ulgamy üçin hem hil taýdan täze döwür boldy. Bu bolsa bagtyýar ýaş nesillerimiziň ylym-bilim dünýäsiniň has hem ösüşlere eýe bolmagyna ýol açýar. Şeýlelikde, bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak işleri zehinli, ylymly-bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala gelmegine ýardam edýär. 

 

Maral AMANGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.