Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýaş nesil hakynda aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň “Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk “ atly kitabyndaky “ Häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýwtimiziň pudaklarynda netijeli ulanmak, jemgyýetiň aň- düşünjesini has-da ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridir “ diýen pähimli sözlerinden hem görmek bolýar.Biziň Watanymyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw merkezlerinde bilim almagy, ylmy döredijilige aralaşmagy, ýurdumyza, halkymyza, pederlerimiziň ýörelgelerine wepaly, terbiýeli, sagdyn pikirli, ýokary hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim eadaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalary we okuw tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzgiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipeler dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli bilim ulgamynyň mundan beýläkde ösdürülmegini, okatmagyň innowasiion çeşmeleri bilen utgaşyklykda maglumat kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornasdyrylmagyny şertlendirýär. Bu özgertmeleriň esasy maksady bolsa biziň döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmakdan, halkymyzyň intellektual taýdan kämilleşmegini üpjün etmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzyň ulgamlarynda gazanylýan ösüşler milli bilimiň, ylmyň ösmegi bilen şertlendirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, haýsy ýurtda halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, şeýle hem ykdysadyýet, syýasat beýleki ugurlar ösen bolsa, şol ýurduň bilim, ylym ulgamy kämil hem-de galkynyşdadyr. Eziz Diýarymyzyň bilum ulgamynda sanlyja ýyllaryň içinde belent sepgitlere ýetildi.Bu bolsa halkara ylym jemgyýetçiligine ýurdumyzy bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyga, täze taslamalaryň ýola goýulmagyna ukyply tarap hökmünde garamagyna mümkinçilik berýär.
Türkmen halky geçmişde medeni-ruhy, ylmy ösüşleri bilen dünýä ýaň salan halkdyr. “Halkymyzyň eşreti, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlarynyň kämilleşdirmekdedir “ diýip Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly Berkakarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda baý ruhy, medeni mirasymyzdan ugur alnyp, halkymyzyň dörediji hem gurujy milletligi bilen dünýä tanatmak babatynda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu babatda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde-de anyk wezipeler durýar. Şol möhüm wezipelerden ugur alyp, bilim ulgamynyň ähli işgärleri ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň täze innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrmakda zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Halkymyzy şeýle mertebä eýe eden hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.