logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim işini sanlylaşdyrmak – innowasion ösüşe badalga
  20.02.2023
1040
Bilim işini sanlylaşdyrmak – innowasion ösüşe badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem kämilleşdirilmegi ugrunda ýurdumyzda netijeli işler giňişleýin alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek, türkmen ylmyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna şaýatlyk edýär.

Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, milli ykdysadyýetimizi ýokary depginde ösdürmek üçin eziz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylymly-bilimli, ýiti zehinli, ussat ýaş hünärmenleriň ýetişdirilmegi esasy orunda goýulýar. Geljek üçin ähmiýetli bolan möhüm wezipeleriň hatarynda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak babatda giňişleýin işleriň alnyp barylmagy guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň, bagtly ertirleriniň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil, döwrebap bilim almagy we alan bilimlerini çuňlaşdyryp ösdürmegi üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli şertler döredilip berilýär.

Akylly enjamlaryň, kämil tehnologiýalaryň çalt depginde durmuşymyza ornaşýan hem-de ösýän döwründe bilim almagyň esasy şerti-de durmuşa ornaşýan kämil tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarmak bolup durýar. Sebäbi döwür öňe barýar, ylma daýanýan täze-täze tehnologiýalar durmuşymyza işjeň aralaşýar. Häzirki döwürde döwrebap bilim almaklygy innowasion tehnologiýalar bolmazdan işjeň ýagdaýda alyp barmak mümkin däl. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem sanlylaşdyrmak işleriniň çalt depginde alnyp barylmagy we bu ulgama häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy geljekki ösüşleriň düýp özenini emele getirýär.

Şeýle hem häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berlip,  ähli bilim ojaklarynda ýaş nesillere kompýuter boýunça kämil bilim berilýär. Biz ylmyň hem bilimiň şeýle täzeçe ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Bu bolsa jemgyýetiň döredijilik aňynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Ata ýurdumyzyň gülläp ösmegi-de, ilkinji nobatda, bilim hem ylmyň ösüşine baglydyr. Hut şonuň üçin, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarymyzyň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy, kämilleşmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky ajaýyp üstünlikleri şanly ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, buýsançly ýüreklerde bagtyýar döwrümize bolan söýgüni has-da goşalandyrýar! 

 

Nowruz ABAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy 
kafedrasynyň mugallymy.