Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si girdi ✦ ✦ "Türkmen-türk" doganlygy sergisi geçirildi ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan täze enjamlar gowşuryldy ✦ ✦ Saglyk üçin peýdaly maslahatlar ✦ ✦ Ýurdumyzyň gury ýük gämileriniň sany artar ✦ ✦ Kiberhowpsuzlygyň aýratynlyklary ✦ ✦ Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ýeňijileri belli boldy! ✦ ✦ Tejen etrabynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşleriň açary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim işgärleriniň ýanwar maslahaty
  16.01.2020
562
Bilim işgärleriniň ýanwar maslahaty

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda bagtyýar halkymyz özleriniň arzuwlan zamanasynda ýaşaýarlar. Ýurdymyzyň agzybirliginden, jebisliginden eşret tapan bilim işgärleri Hormatly Prezidentimiziň elmydama janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etmek bilen ýaşaýarlar. Ýurdymyz ösýär, özgerýär, şol sanda bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär. Ynha şeýle asylly başlangyçlary nazarlap Ak bugdaý etrabynyň Gämi medeniýet öýünde ,,Ýaşlarymyzň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdymyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir’’ diýen at bilen etrabyň bilim işgärleriniň ýanwar maslahaty geçirildi. Maslahata etrabyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda zähmet çekýän öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Yanwar maslahatyny etrabyň bilim bölüminiň orunbasary Hojamuhammedow Baýmuhammet açyp bu günki geçirilýän Ýanwar maslahatyna gatnaşyjylary ,,Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany’’ ýyly mynasybetli gutlady. Geçirilen Ýanwar maslahatynyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň hoş owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de maslahatda etrap Bilim Bölüminiň başlygy Allaberdiýew Sapargeldi geçen 2019-njy ,,Türkmenistan-rowaçlygyň Watany’’ýylynyň dowamynda edilen işler dogrusynda, bilim ulgamynda gazanylan üstinlikler dogrusynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda etrapda geçen 2019-njy ýylyň dowamynda zähmet çeken öňdebaryjy bilim işgärleriniň atlaryny agzamak bilen olara geljekde ýeňil bolmadyk işlerinde uly üstinlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewanyň Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny  halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek baradaky alyp barýan bimöçber işleri dogrusynda eden çykyşy has-da täsirli boldy. Şeýle-de etrabyň mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň eden çykyşlary hem öwgä mynasyp boldy. Gämi medeniýet öýüniň fäýesinde etrabyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde gurnalan sergi işleri hem maslahata gatnaşyjylarda has uly täsir galdyrdy. Maslahatyň ýene bir aýratyn tarapy, ol hem şu geçirilen maslahata öň bilim ulgamynda işläp giden baýry mugallymlaryň gatnaşmagy. Olar hem öz gezeklerinde özlerini ýatlap şu günki maslahata çagyrandyklary üçin Bilim Bölümine özleriniň minnetdarlygyny bildirdiler. Etrap Bilim Bölümi olary ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar. Maslahatyň ahyrynda sergi işlerinde has-da tapawutlanan baş baýraga, birini, ikinji, üçinji orna mynasyp bolan  bilim işgärlerine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de maslahat tamamlanmanka etrap jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýarlanan ýadygärlik sowgatlary öňdebaryjy bilim işgärlerine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu bolsa elbetde gursagy hyjuwdan doly bagtyýar bilim işgärleriniň işe bolan höwesleriniň artmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär. Maslahatyň ahyrynda umuman aýdylanda bu geçirilen etrabyň bilim işgärleriniň Ýanwar maslahaty uly üstünliklere beslenip geçdi.