logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Sport /Bilim işgärleriniň woleýbol ýaryşy
  14.01.2020
1336
Bilim işgärleriniň woleýbol ýaryşy

      Änew şäherindäki sport mekdebinde woleýbol ýaryşy geçirildi. Bilim işgärleriniň arasynda geçirilen ýaryşy “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň  etraplaryndan bilim işgärlerinden düzülen toparlaryň altysy gatnaşdy.

      Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giňden belleniljek “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryş bilim işgärlerine sport ussatlygyny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik boldy. Mekdep mugallymlary özaralarynda geçiren çekeleşikli duşuşyklary arkaly  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sport-sagaldyş hereketlerini ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini, sportda barha taplanýandyklaryny aýan etdiler.

     Woleýbol ýaryşynda mugallymlaryň oňat taýýarlyklar bilen gelendigini duşuşyklaryň her bir aýdyň subut etdi. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde Bäherden etrabynyň topary birinji, Ak bugdaý etrabynyň topary ikinji, Babadaýhan etrabynyň topary üçünji orny eýeläp, ýaryşyň ýeňijileri boldular. Ýeňijilere “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary hem-de  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  welaýat  birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.