Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Beýik ýeňiş mynasybetli geçirilen dabara
  05.05.2020
495
Beýik ýeňiş mynasybetli geçirilen dabara

    Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan ugrunda göreşen gerçeklerimize, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar we bularyň beýle Gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmajak şöhrata eýedir. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny alan Watan Gahrymanlaryna sowgat gowşurylyşy mynasybetli 04.05.2020-nji ýylda etrabyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap harby wekilliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Medeniýet bölüminiň bilen bilelikde gurnamaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guramaçylykly geçirildi. Şeýle-de dabara edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de okuwçy ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem-de ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, toý ruhuna beslenen zala ýygnanan bagtyýar raýatlary Beýik Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli gutladylar we etrabymyzda uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelere çäksiz sylag-sarpa goýulýandygy barada gürrüň etdiler. Olar çykyşlaryna Beýik Watançylyk urşunda ildeşlerimiziň görkezen edermenliginiň bu gün ýaş neslimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdigi, uruş weteranlarynyň we ýar ojagyny saklap oturan mährem eneleriň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekdäki asyl göreldeleriniň halkymyzy buýsandyrýandygy hakynda aýtdylar. Dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna, tylda işlän enelere etrap häkimliginiň, etrabyň kärdeşler arkalaşygynyň, etrabyň Ýaşlar guramasynyň, etrap Demokratik partiýasynyň, etrabyň Agrar partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

      Dabarada etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent joşguna beslenen baýramçylyk çykyşlary bilen dowam etdirildi. Dabary çykyşlar göwünlere ruhubelentlik çaýdy, joşgunly aýdym-sazlarda, millilige ýugurlan tanslarda ajaýyp döwrümiziň, asuda asmanymyzyň, eziz diýarymyzyň watan gerçekleriniň waspy ýetirildi.