logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Beýik Pyragynyň döredijiliginde nesil terbiýesi
  14.04.2023
1263
Beýik Pyragynyň döredijiliginde nesil terbiýesi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana ertiri, nesil terbiýesiniň dowamat dowam bolmagy ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Nesil terbiýesi nusgawy edebiýatymyzyň eserlerinde, şol sanda baý döredijiligi döwürlere we nesillere şamçyrag, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem giňişleýin şöhlelenýär. Beýik Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan edep-terbiýe, öwüt-nesihat, watansöýüjilik temasynda ýazan ähli şygyrlary ýaş nesli terbiýelemekde gymmatly ýol-ýörelge mekdebidir. Ýakyn wagtda bolsa Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli açylar we 2024-nji ýylda beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi giňden belleniler. Munuň özi, halkymyzyň öz akyldar şahyryna goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Dana akyldaryň edebi mirasynyň ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we halk döredijiligi bilen bitewi sazlaşygydyr. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gidipdir. Şahyryň döredijiligi many-mazmun taýdan örän çuň, ol akyl-paýhas ummany. Dana Pyragy: 

«Il-halkyň bir iş tutanda,
Sen ondan galyjy bolma.»
 

- diýmek bilen, nesillere gymmatly nesihat edýär. Ýa-da bolmasa, nesillerde ahlak arassalygyny terbiýelemegi özüniň esasy maksady, borjy hasaplaýan akyldar şeýle ýazypdyr: 

Belet başlar dogry ýoly çen bile,
Akyl adam söz başlamaz «men» bile.
 

Şahyr türkmene asylly terbiýäniň mahsusdygyny aýtmak bilen, ýaş nesillerimiziň öz pederleri ýaly mert, ar-namysly, watansöýüji bolmaklaryny isläpdir. Magtymgulynyň şygyrlarynda watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly häsiýetler giňden beýan edilýär. Magtymgulynyň edebi mirasynyň nesil terbiýesindäki terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Çünki dana Pyragynyň goşgulary, baý döredijiligi ähli döwürlerde-de gymmatyny, sarpasyny ýitirmän gelen gymmatly mirasdyr. 

 

Şirin RÖWŞENOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.