logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Society /Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary
  12.02.2020
1140
Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary

     Sarahs etrap Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň hem-de Sarahs etrap polisiýa bölüminiň bilelik-de gurnamaklarynda “Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary” ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň wekilleri, hukuk goraýjy edaralarynyň jogapkär işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary we ýokary synp okuwçy ýaşlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerine, sagdyn-durmuş ýörelgelerine wepaly, edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary aň düşünjeli kämil jemgyýeti kemala getirmek maksady bilen geçirilen çärede täsirli çykyşlara giň orun berildi. Wagyz – nesihat çäresinde çykyş edenler ýaş nesillerimiziň baş maksadynyň okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bilen kämillige ymtylmak bolmalydygy barada gürrüň etdiler. Olar milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy netijesinde güneşli Diýarymyzda bagtyýar ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilen şertleriň il-günümizi täze zähmet ýeňişlerine galkyndyrýandygyny aýratyn bellediler. Şeýle-de çykyş edenler ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýaş nesilleriň gelejekde Watanymyza gerekli adamlar bolup ýetişmeginde möhüm orna eýe boljakdygy barada aýratyn durup geçdiler. Olaryň çykyşlarynyň üsti bilen häzirki wagtda ýaşlaryň durmuşymyzda tutýan ornuna, ýokary amatly şertlerde zähmet çekmegine we ýaşamagyna döredilen şertlere bolan buýsançlaryna göz ýetrimek has-da ýakymly boldy. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýarlygy we eşretli ýaşaýşy üçin bimöçber aladalary edýän Hormatly Prezidentimiziň il ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.