Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Berekediň egsilmesin Garagum
  01.01.2020
858
Berekediň egsilmesin Garagum

       Beýik  akyldarymyz  Magtymguly  Pyragynyň  ,,Jeýhun  bilen  Bahry, Hazar  arasy, çöl  üstünden  öser  ýeli  türkmeniň” diýip,  waspyny  ýetiren  türkmeniň    umumy  milli  baýlyklarynyň  biri  bolan  Garagum  çöli – bu  dünýäde  iň  uly  çölleriň  biridir.Onuň  gözýetmez  alaňlarynyň  aşagyndaky  gatlaklarda  ägirt  uly  uglewodorod  serişdeleriniň  ýataklary,onuň  üstünde  bolsa  ajaýyp  ösümlik  we  haýwanat  dünýäsi  bardyr.

     Garagum  çölünde  ilat  seýrekdir.Çöl meýdanlary  esasan  dowarlar  hem-de  düýeler  üçin  bütin  ýylyň  dowamynda   öri  meýdanlary  hökmünde  peýdalanylýar.Ilatly  punktlar  we senagat  merkezleri  diňe  gazylyp  alynýan  peýdaly  zatlaryň  (nebit, gaz we  başgalar) işlenilýän ýerlerinde hem-de demir ýollaryň boýlarynda  ýerleşendir. Türkmenistanyň oazislerinde çet gyralarynda, Garagum derýasynyň boýunda öňler boş  ýatan tarp  ýerler ýagny çöl çägesöw, takyr  görnüşli  topraklaryň onlarça müň gektary  özleşdirilip ekin dolanyşygyna girizildi.

     Giň öri meýdanlary Garagumuň esasy baýlygydyr. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetini  ýokarlandyrmagyň esaslarynyň biri bolan mallary ösdürmekde uly rol oýnaýar. Öri  meýdanlaryň ýene-de bir gymmatly tarapy, ol ýerde mallaryň ýylyň bütin dowamynda  bakylýandygydyr.

     Çöl öri meýdanlaryň ösülikleriniň görnüşleri 450-den gowrakdyr, emma özleriniň ot-iýmlik häsiýeti boýunça olaryň hemmesi birmeňzeş däldir. Mallar ösümlikleriň käbirlerini  göklügine, şeýle-de gury görnüşde ýylyň bütin dowamynda iýýärler, başga birnäçelerini  bolsa diňe aýry-aýry möwsümlerde iýýärler.

     Türkmenistanyň çöllerinde ekinleri ekip bolaýjak tarp ýerler 10 mln ga-dan  gowrakdyr. Şol tarp ýerler başarnykly, tygşytly we ylmy esasda peýdalanylsa, ykdysady   taýdan gowy netije berjekdigi ikuçsyzdyr. Gidrotehniki desgalar gurmak arkaly  suwarymly ekerançylygy ösdürmek mümkindir. Garagumda ýaşaýan ilat kiçi  uçastoklaryndaky ekerançylygy dürli usulda alyp barýar.

     Ýurdumyzyň görnükli geograflarynyň belläp geçişi ýaly çölüň geljegi uludyr. Sebäbi  onuň bize häzirki eçilýänlerinden başgada, entek bilinmedik we özleşdirilmedik  baýlyklary köp. Ol baýlyklary bolsa ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowylandyrmakda  peýdalanyljak çeşmeleriň biridir. Şonuň üçin çölüň tebigy baýlyklaryna gözi bilen  garalmalydygyna düşünmelidiris.    

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz  tagallalary netijesinde Garagum çölüniň jümmüşinde gurlan ,,Altyn asyr” Türkmen  kölüniň we onuň akabalarynyň suwunyň  täsiri netijesinde, Garagum çölüniň ekologiýa  ýagdaýy has-da gowulaşýar. Onuň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi özgerýär. Bu  ýagdaýy kölüň we onuň akabalarynyň suwlarynyň üstünde bugarýan suwlaryň çölüň  ösümlik  dünýäsine  amatly  täsir  edýändigi  bilen  düşündirmek  bolar. Türkmen  köliniň  geljekde  Garagum  çölüniň  berekediniň  has-da  artmagyna  ýardam  berjekdigi  mese-mälimdir.