Ýyllary ýyllardan zyýada gelýän Türkmenistan diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar türkmen halky asuda, parahat, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşaýar. Ýurdymyzyň bagtly günlerinden eşret tapan türkmen halky elmydama Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etmek bilen ýaşaýar. Günlerimiz toýlara, şanly wakalara, ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara beslenip gelýär. Ynha şeýle täsirli dabaralaryň biri hem ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynyň ýanwar aýynyň 15-ne Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen Ahal welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda ,,Belent maksatlara tarap ynamly ädimler’’ diýen, at bilen maslahat geçirildi. Bu geçirilen maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetine degişli bolan etraplardaky partiýa komitetleriniň başlyklary we partiýa guramaçylary, welaýat kitaphanasynyň işgärleri, şeýle-de bilim işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň geçiriljek ýerinde maslahata gatnaşjak myhmanlar üçin ýarym aýlaw görnüşinde stol-stullar ýerleşdirilen. Hormatly Prezidentimziň zehin sahawatyndan syzylyp çykan eserleri, nusgawy we döwürdeş şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirilen kitap sergisiniň gurnalmagy maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň we etrap komitetleriniň başlyklary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Hormatly Prezidentimziň ýurdymyzda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek baradaky asylly işleri dogrusynda, şeýle-de Syýasy jemgyýetimiziň möhüm çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeler, ýurdymyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly konstitution iş toparlarynyň döredilmegi, raýatlardan gelýän teklipler esasynda işleriň gyzgalaňly alnyp barlyşy, şeýle-de ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynyň ähmiýeti barada giňişleýin çykyşlar etdiler. Her bir çykyş edenler ähli ösüşleriň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etmek bilen öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bu geçirilen maslahaty TMT-niň Ahal welaýat teleradio studiýasy we ,,Ahal durmuşy’’ welaýat gazeti tarapyndan ýazgy edildi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy geçen 2019-njy ýylyň dowamynda göreldeli zähmet çeken partiýa komitetleriniň başlyklaryny we göreldeli işgärlerini Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglady.