logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Begamotlar barada
  12.10.2022
1331
Begamotlar barada

Begamotlaryň kellesi gaty uly bolup, umumy agramynyň 35%-ini düzýär. Olar agzyny 150 derejede açyp bilýärler. Begamotlar hiç hili derlemeýärler, sebäbi olar günde 16 sagatlap suwuň içinde bolýarlar. Şeýle-de olar suwuň içinde uklap hem bilýärler. Begamotlar suwuň aşagynda  5 minut saklanýarlar soňra suwuň ýüzüne 4-5 minut dem almak üçin çykyp,  ýene-de suwuň düýbüne çümýärler. Begamotlar bir gijede azyndan 27 kilogram ot iýýärler. Begamotlaryň  ortaça ömri 40-50 ýyldyr, emma Filippinleriň Manila haýwanat bagynda saklanan begamot 65 ýyl ýaşady.

Suwda ýaşaýan jandarlaryň ählisi ýüzüp bilýän ýaly, ýöne muny başarmaýanlary hem bar. Olara begemotlary mysal getirmek bolar.  Begamotlaryň ýüzüp  bilmeýändigine adaty ýagdaýda ynanmak kyn. Sebäbi ol suwda  ýaşaýar, haçan görseň suwuň içinde gezip  ýör. Olaryň ýaşaýan ýerleri hem ýalpak  suwlar ýagny batgalyklar hasaplanýar. Muňa garamazdan begamotlar hakykatdan hem ýüzüp bilenoklar. Olar kölde ýa-da deňizde  suwuň  düýbünden   ýöräp gidýärler. Begamotlar birnäçe minutlap suwuň aşagynda demini  saklap ýene-de ýöräp kenara gaýdyp gelýärler. Suwda hem gury ýerde ýaşaýan Begamotlaryň  agramy 1 tonnadan, 5 tonna çenli ýetýär. Sagatda 15 kilometr tizlik bilen hereket edip bilýän begamotlar gündizine suwda dynç alyp, gijesine iýmitlenmek üçin gury ýere çykýarlar. Olaryň gündelik iýmit mukdary 13-68 kilogram  aralygynda bolup, iýmiti çeýnemän, agzynda saklap ýumşadýarlar we ýuwudýarlar. Begamotlaryň ys alyşy we eşidiş ukyby örän ýokarydyr.

 

Indira BALTABAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.