logo

Latest news:
✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» bäsleşiginde iň gowy IT we robototehnika taslamalary saýlandy ✦ ✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦
Home / Science and Education /Bäsleşik gyzgalaňly geçdi, çagalar zehinlerini görkezdiler
  17.05.2020
814
Bäsleşik gyzgalaňly geçdi, çagalar zehinlerini görkezdiler

     Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň baýramyna bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň-merjen däneleri” bäsleşigini guramaçylykly geçirmek boýunça Ahal welaýat Baş bilim we Medeniýet müdirlikleri bilelikde 2020-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne, Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde bu bäsleşigiň welaýat tapgyry ýokary derejede bellenip geçildi. Bu dabaraly bäsleşigiň welaýat tapgyryny guramaçylykly we şowhunly geçirmek üçin welaýatyň etrap we şäher bilim bölümleriniň, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginden degişli hünärmenler guramaçylykly gatnaşdylar.

        Ýagny, Bäherden etrabyndan 4 sany, Gökdepe etrabyndan 2 sany, Ak bugdaý etrabyndan 7 sany, Kaka etrabyndan 4 sany, Tejen şäherinden 7 sany, Tejen etrabynda 4 sany, Babadaýhan etrabynda 5 sany, Sarahs etrabyndan 5 sany jogapkärleriň hem-de sahnada çykyş etjek 204 sany zehinli aýdymçy çagalaryň we “Gülle ýaşlyk” tans toparynyň gatnaşmaklarynda “Garaşsyzlygyň-merjen dänleri” şygar bilen ýaş mekdep okuwçylarynyň arasynda dabaraly we gyzgalaňly bäsleşik geçirildi.

       Bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlaryň arasynda zehinlilerini saýlap almak, olary höweslendirmek we beýleki ýaşlara täsirli bolmagyny gazanmak bolup durýar. Şol sebäpli her geçirilýän bu bäsleşikde ýaşlaryň höwesjeňleriniň sany yzygiderli artýar. Bu bolsa ýaş mekdep okuwçylarynda sungata sarpa goýmak, ata-baba gelýän däp-dessurlary dowam etmek we olaryň ýaşlygyny şatlykly hem-de belent ruhda geçmegine esas boljakdygy çäkisizdir.

       Ahal welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan geljekde hem ýaş nesliň estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek, milli we nusgawy saz gurallarynda aýdym aýtmak, saz çalmak we bäsleşip aýdym aýtmak, tans etmek, folklor, edebi-sazly teatrlaşdyrylan hem-de degişme çykyşlarynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny gazanmaklary ugrunda degişli möhüm işleri durmuşa geçirmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär we her bir edilýän işleriň ýaşlara täsirli bolmagy gazanylýar.