Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi
  03.03.2020
734
Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi

        Tebigatyň kanunyna görä, bahar paslynyň gelmegi bilen           daş-töweregimiz ýaşyl dona bürenýär. Meýdanlarda al-elwan gülleriň ysy bark urýar. Ynha şeýle gözellikleriň höküm sürýän döwründe durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri bolan 8-nji mart-Halkara Zenanlar güni giňden bellenilip geçilýär. Zenan-durmuşyň güli, zenanlar älem gözelliklerini döredýän ynsanlar. Mynasyp nesil terbiýesinde uly orun tutýän zenanlara ýurdymyzda uly hormat goýulýar. 

     Zenan mertebesiniň belentde tutulýän ýurdy bolan Türkmenistan diýarymyzda hem zenanlarymyzyň baýramçylygy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, her bir güni ýokary zähmet üstünliklerine beslenýän ,,Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany’’ ýylynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynyň Ak öý binasynyň toý-dabaralar jaýynda Ahal welaýaty boýunça Halkara zenanlar güni mynasybetli  ,,Bark urýar baharda gülleriň müşki, bulardan zyýada gözeller keşbi’’diýen at bilen baýramçylyk dabarasy ulu şatlyk, şowhun bilen bellenilip geçirildi. Ahal welaýat häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirilen bu baýramçylyk çäresine welaýatymyzyň dürli künjeklerinden gelen, dürli kärde zähmet çekýän  kalby bahar-ýaz kimin ýüzleri nurana zenanlarymyz, durşuna mähir bilen eýlenen ak saçly mährem enelerimiz işjeňlik bilen gatnaşdylar.

     Baýramçylygyň geçirilýän ýeriniň toý lybasyna bürenmegi dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren tanslary, hoş owazly aýdymdyr-sazlary, foklor çykyşlary  kalby buýsançdan doly zenanlarymyza aýratyn ruhy lezzet paýlady. Dabaranyň ahyrynda öz işiniň ussady bolan ezber zenanlara, ak gyňaçly enelere Ahal welaýat häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu günki geçirilen aýdym-sazly medeni çäre dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.