Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna gynanç hatyny iberdi ✦ ✦ Onlaýn söwda dünýäni nähili derejede üýtgedýär? ✦ ✦ Telekommunikasiýa tehnologiýalary halkara söwdanyň görünmeýän hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ✦ ✦ Talyplar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde okuw tanyşlyk tejribeliginde ✦ ✦ Türkmenistan B5+1 formatyndaky halkara işewürlik forumyna gatnaşýar ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çap edildi ✦ ✦ YHG-niň Ýokary derejeli wekilleriniň 52-nji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary halkara olimpiadalarda ýokary netijeleri gazandylar ✦ ✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦
Baş sahypa / Gyzykly /BAL ARYLARY BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR
  27.10.2022
3841
BAL ARYLARY BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

Bal arylary garynjalaryň we arylaryň ýakyn görnüşi bolup, olar Antarktidadan başga ähli yklymlarda ýaşaýarlar. Bal arylarynyň 21 müňe golaý görnüşi we 520 urugy bardyr. Beloklary we beýleki ýokumly maddalary almak üçin, ösümlik şireleri we tozgajyklary bilen iýmitlenýärler. Bal arylary ekoulgamda uly ähmiýete eýe bolup, olar gülleýän ösümlikleri tozanlandyrýarlar.

Bal arylary barada 12 sany gyzykly maglumat:

1) Tozanlandyryjy mör-möjekleriň beýleki görnüşlerine seredeňde, dünýäde bal arylarynyň sany has köpdür. Şol sebäpli hem, bal arylary azyklyk ekinlerini tozanlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Adamzat tarapyndan azyk üçin kabul edilýän önümleriň üçden bir böleginden gowragy, bal arylarynyň tozanlandyrmagyna baglydyr.

2) Bal arylar ary keteklerinde üýşmek bolup ýaşaýarlar. Ary ketegini şa aýaly dolandyrýar. Galan arylar işçilere we erkek arylara bölünýär. Işçi arylaryň wezipeleri tozgajyklary we ösümlik şirelerini ýygnamak, ketekleri gurmak, zyýan berijilerden goramakdan ybaratdyr.

3) Bal arylarynyň şa aýaly heläk bolan ýagdaýynda, ýaş ýaňy çykan liçinkalardan täze şa aýaly saýlanýar, soňra ony ýörite “Şalaryň mürepbesi” atly iýmit bilen iýmitlendirilip başlanýar. Bu hem täze liçinka bol nesil beriji şa aýaly bolup ýetişmekligine mümkinçilik berýär.

4) Şalaryň mürepbesi” atly iýmit süýt şekilli madda bolup, ol iýmit ýollarynda özleşdirilen ösümlik şiresiniň, tozgasynyň, balyň garyndysy bolup durýar. Ömrüniň tutuş dowamynda şa aýaly şol mürepbe bilen iýmitlenýär, şol bir wagtda işçi bal arylary bu iýmit bilen diňe ýetişýänçä iýmitlenip bilerler.

5) Arylar, beýleki köpsanly mör-möjekler ýaly 300-600 nanometr aralykda görüp bilýärler. Bu bolsa, olaryň gyzyl öwüşgini görüp bilmeýändiklerini aňladýar. Emma olar adamyň görüp bilmekligi mümkin bolmadyk ultramelewşe reňkleri görüp bilýärler. Arylar gara we ak öwüşginleri oňat saýgarýarlar.

6) Bir litr bal ýygnamak üçin, arylara iki milliondan gowrak gülden ösümlik şiresini ýygnamak zerur bolup durýar.

7) Arylaryň iki sany aşgazany bardyr. Olaryň biri iýmit üçin, beýlekisi hem, güllerden ýygnalan ösümlik şirelerini ary ketegine getirmek üçin.

8) Bal arysynda iki sany uly gözünden başga-da, onuň kellesiniň ýokarky bölüminde üç sany gara nokady görmek bolýar. Bu nokatlar, “ýönekeý gözler” diýlip atlandyrylýar. Olar zatlaryň şekilini görüp bilmeýärler, ýöne ýagtylygy serpikdirýärler. Bu gözleri bilen bal arylary, ýokardan ýakynlaşyp gelýän howpy duýup bilýärler. Iki adaty gözler, bal arylaryna ulaldylan şekili berip bilýän, ownujak linzalardan ybaratdyr.

9) Heläk boljak bolýan bal arysyny gülüň üstüne geçirip ýa-da şekeri suw bilen deň gatnaşykda garyp, ara bermeklik bilen ony ölümden halas edip bolýar.

10) Sowuk howaly möwsümlerde arylar 9 aýa çenli ýaşap bilýärler. Emma tomus paslynda bal arylary 42 günden köp ýaşap bilmeýärler. Köplenç olar irginsiz ösümlik şirelerini ýygnamak üçin heläk bolýarlar.

11) Bal arylarynyň zäherinde mellitin atly madda bolup, ol adamyň immunodefisit wirusynyň öňüni almaklyga ukyplydyr.

12) Ary keteginiň şa aýaly hemme bal arylaryndan uzak ýaşaýar. Onuň ömrüniň dowamlylygy bäş ýyla ýetip biler.

 

Serdar MUMINOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.