Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Baky Bitaraplyk-Türkmenistanyň daşary syýasatynyň beýik üstünligidir
  10.12.2019
754
Baky Bitaraplyk-Türkmenistanyň daşary syýasatynyň beýik üstünligidir

   Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden ähliumumy ykrar edilen halkara ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklary we deň hukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga girişdi. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan dünýäde iri halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygynyň ilkinji başlangyjy boldy. Şeýle-de, 1992-nji ýylyň 10-njy iýulynda Helsinki şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary syýasatda oňyn bitaraplyk we ykdysadyýetde aç-açanlyk ýörelgeleri beýan edildi. Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Бitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredip başlamagy ýurdumyzyň dünýä bileleşigine işjeň goşulyşyp gitmegine ýardam etdi. Şonuň esasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň dowamynda halkara arenada ýurdumyzyň saýlap alan täze ugry ýaýbaňlandyryldy.

    Oňyn Бitaraplyk derejesi bilen baglylykda gelip çykýan ähli borçnamalary gyşarnyksyz berjaý etmegi bilen ýurdumyzyň taryh taýdan örän gysga döwürde halkara abraýy täze sepgitlere göterildi. Muňa mysal edip, 1995-nji ýylyň 15-nji martynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň Yslamabatda geçen 3-nji maslahatynda Türkmenistan döwletimiz öz daşary syýasatynda hemişelik Бitaraplyk derejesini yglan etmek baradaky teklibini beýan edip, gatnaşyjy agza-döwletleri goldamaga çagyrdy. Soňra 1995-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Goşulyşmazlyk hereketiniň 114-nji agzasy bolup, şol geçen duşuşykda edilen çykyşda hem daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk derejesini yglan etmek baradaky teklibi beýan edildi we gatnaşyjy agza döwletler goldamaga çagyryldy. Belli bolşy ýaly, Goşulyşmazlyk hereketiniň esasynda çäk bitewiligi we özbaşdaklygy özara hormatlama, çozmazlyk, içerki işlerine gatyşmazlyk, deňlik we ikitaraplaýyn peýda, parahatçylykly ýaşamak ýaly ýörelgeler ýatyr. Şol ýörelgelere ygrarly bolan agza döwletler hem bu teklibi biragyzdan goldama taýýardyklaryny aýan etdiler.

     Bu edilen teklipleriň netijesinde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly Kararnama kabul edilip, guramanyň 185 agza döwletleriniň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy resmi taýdan ykrar edildi. Şeýlelik-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ilkinji ykrar edilen Bitarap döwlet boldy. Henize çenli Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan bitaraplyk derejesi halkara derejede ykrar edilen döwlet ýokdy. Bu taryh üçin gysga döwürde ýurdymyzyň daşary saýasatynda gazanan uly üstünligidir. Eýýäm 24 ýyl bäri Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Bitaraplyk ýoly bilen barýar.

    1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçen Halk Maslahatynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi hukuk taýdan resmileşdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Ilki bilen, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we “Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasat konsepsiýasy” tassyklanyp, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugry kesgitlenildi. 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň XXI asyry hemişelik Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjilik, hoşnibetli goňşuçylyk we demokratiýa ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugry hakyndaky” Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama görä, ýurdumyzyň alyp barýan köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde beýleki döwletler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaklyk, halkara we sebitleýin guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmeklik, halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik we adalat, jedelleri we dawalary zorluk ulanmak çözmek ýörelgelerini berkarar etmek işine gatnaşmaklyk üpjün edildi.

   Milli Liderimiz içeri we daşary syýasatlaryny ata-babalarymyzyň paýhasyna yugrulan milli ýörelgelerimize we däp-dessurlarymyza daýanyp durmuşa geçirýär. Türkmenistan döwletimiziň bitaraplyk syýasaty hem şol mukaddes ýörelgelere daýanýar. 

    Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz häzirki günde Garaşsyzlyk we baky bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäni baýdak edinip, parahatçylyga, dost-doganlyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan ösüş ýoly bilen has-da belentliklere barýar.