Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Bakja ekinleriniň ideg işleri
  20.02.2023
951
Bakja ekinleriniň ideg işleri

Bakja ekinlerinden ýokary hem-de durnukly hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bakja ekinleri däneli ekinleriň, ýorunjanyň, pomidoryň, burçuň, kelemiň, badamjanyň, soganyň, käşiriň, yzyndan ekilende ýokary hasyl berýär we ýer hem gowy özleşýär. Bakja ekinleriniň topraga we iýmite bolan talaplary bir meňzeş däldir. Bakja ekinlerinden gawun ýeňil, aralyk, arassa topraklarda ýokary hasyl berýär. Duzly, şor topraklarda gawun gögermeýär. Agyr topraklar hem gawun üçin amatsyzdyr. Bakja ekinleriniň çigitleriniň gögerijiligi 98-100%. Miwesi çig bakja ekinleriniň çigitleriniň gögerijiligi peselýär we hili üýtgeýär. Bakja miweleriniň içindäki çigitleriň bişip ýetişmegi, hasylynyň hili we mukdary bilen hem baglanyşyklydyr. Bakja ekinleriniň çigitleriniň gögerijiligine howanyň çyglylygy, ýylylygy, çigitleriň ululygy, kiçiligi, ýagtylyk täsir edip bilerler. Topraga sepilen gawun çigitleri 3-4 günden ýeriň ýüzüne gögerip çykýarlar. Gawun çigitleriniň şineläp ösüp başlamaklary üçin 44-46 %  çyglylyk gerek bolýar. Bakja ekinleriniň şitilleriniň ösmegi üçin zerur şertleriň biri hem olaryň kislorod bilen üpjünçiligidir. Şonuň üçin ekilenden soň topragyň ýüzi gapaklanda wagtynda toprak owradylmasa kislorod ýetmezçiligi sebäpli çigitler toprakda gurap galýarlar.

Bakja ekinleri ekiljek meýdanlarda ekişden öň tekizleýiş işlerini has göwnejaý geçirmek maslahat berilýär. Esasy toprak bejergisi oktýabr aýyndan başlap dekabr aýynyň aralygynda, 30-32 sm çuňlukda geçirilýär. Sürümden öň ýörite enjamlaryň kömegi bilen her gektara 20-40 tonna möçberinde çüýrän ders, 400-500 kg superfosfat, 100 kg kaliý döküni berilýär. Eger bakja ekiljek ýerler şorlaşan bolsa, sürümden soň gektara 2500-3000 kubmetr möçberde ýuwuş suwuny tutmak maslahat berilýär. Sürlen ýerlerde ekişden öň tekizleme, soňra 18-20 sm çuňlukda çizelleme, boronalama we malalama işleri geçirilýär. Gawun hem garpyzy topragyň 10 sm gatlagyndaky ýylylyk 12-15 derejä ýeten mahalynda ekmek gowy netije berýär. Ekiş ýöriteleşdirilen abzallar bilen bellenen çuňlukda geçirilýär. Gawun irki möhletlerde ekilende, çigitlerini 3-4 sm çuňlukda gömmek zerurdyr. Ol gögerip 2-3 hakyky ýaprak çykaranda ýekelenýär we her gämikde kadaly ösen bir ösümlik goýulýar. Şeýle edilende bir gektar meýdana 5500-6500 düýp ösümlik düşýär. Ösümlikleriň ösüş döwründe topragy ýumşatmak, haşal otlary ýok etmek üçin bejergi işleri geçirilýär. Ekinleriň ösüş döwründe mineral dökünler bilen iýmitlendirmek olardan ýokary hasyl almaga mümkinçilik berýän esasy çäreleriň biridir. Birinji gezek mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek işi ösümlikler 4-5 sany hakyky ýaprak çykaranda geçirilýär, şonda her gektara 300 kg ammiak selitrasy, 300 kg superfosfat berilýär. Ikinji gezek, gawun gülläp hasyla duran wagty her gektara 200 kg superfosfat, 100 kg kaliý dökünleri berilýär. Ýokarda agzalan mukdarda we möhletlerde berlen dökünler bakja ekinlerinden diňe bir ýokary hasyl almaga däl, eýsem, hasylyň hilini gowulandyrmaga hem mümkinçilik berýär. Gawunyň ösüş döwründe has köp zyýan ýetirýän we giň ýaýran zyýankeşler kekene, bakja biti, kerepli sakyrtga, akganatlyja we gawun siňegidir. Olara garşy göreş çäreleri ilki bilen, kadaly agrotehniki çärelerden başlanýar. Zyýanly mör-möjeklere garşy degişli himiki serişdeleri suwa garyp pürkmek işi geçirilip, ol her 10-15 günden gaýtalanýar. Ösüş döwründe bakja ekinlerine toprak-howa şertlerine baglylykda 600-700 kubmetr möçberde 8-10 gezek suw tutulýar. Olaryň gülleýän we hasyla durýan döwründe suwy ýygy-ýygydan tutmak peýdalydyr. Ýokarda agzalan agrotehniki çäreleriň doly we öz wagtynda berjaý edilmegi bakja ekinlerinden ýokary we durnukly hasyl almaklygyň esasy görkezijisidir. 

 

Laçyn DURDYLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.