logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Science and Education /Bagtyýar geljegimiziň güwäsi
  24.10.2022
755
Bagtyýar geljegimiziň güwäsi

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilimi ösdürmegiň möhüm wezipeleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda  üstünlikli çözülýär. Tutuş dünýä ýüzünde innowasion tehnologiýalaryň has hem giňden ornaşmagy bilen bu ugurda durmuşyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary çekmek üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy özenini hem ýaş nesil baradaky çuňňur aladalar, olaryň kämil ylym-bilim almaklaryny, il-güne gerekli şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmaklyk babatdaky wezipeler durýar. Arkadagly Serdarymyz: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» - diýip nygtaýar. Geljekki hünärmenleriň, ýurdy dolandyrmaly adamlar bolan ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolmaklary, ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalara erkin ýagdaýda erk edip bilmekleri möhüm ýagdaý bolup çykyş edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döredýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady hem ata Watanymyzyň innowasion ösüşe laýyklykda ýaş nesle bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlary, okuw gollanmalary bilen üpjün etmekden, sanly ulgamy giňden peýdalanyp, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Çünki sanly ulgamyň bize eçilen mümkinçiliklerinden baş çykarýan, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, Watanyna wepaly, yhlasly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek Türkmenistan ýurdumyzyň geljekki bedew batly okgunly ösüşleriniň esasy guraly bolup hyzmat edýär.

Biz bilim işgärleri hem, geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine ýaş nesillere bilim hem terbiýe bermekde, olary il-güne gerekli adamlar edip ýetişdirmekde yhlasly zähmetimiz bilen goşant goşarys. Şeýle bagtyýar döwürde bilim ulgamynyň köptaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Aýjahan GURBANOWA,

Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.