Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bagtly halkyň paýhas mekdebi
  05.10.2019
859
Bagtly halkyň paýhas mekdebi

    Ata Watanymyzda bagtyýarlygyň baky daňyny ebedilik atyran  Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda her ýylyň 1-nji  oktýabrynda ýurdymyzda Ýaşulylaryň Halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Nesilbaşymyz Oguzhan atamyzyň paýhasyndan nusga alan ýaşuly nesliň wekilleri häzirki wagtda ýurdymyzda uly abraýdan, sylag-hormatdan peýdalanýarlar. Ýaşuly nesliň wekilleri her bir işde ýaşlara görelde, nusgalyk mekdep bolýarlar. Çünki türkmen ýaşulylarynda Gorkut atanyň agras hereketiniň, Oguzhan atamyzyň dana paýhasynyň nusgasyny görýäris. Ýurdymyzda baý durmuş tejribeleri bolan parasatly ýaşuly nesliň wekilleri jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjin etmekde, türkmen halkynyň bitewililigini we jebisligini berkitmekde, ýaşlary milli ýörelgeler boýunça terbiýelemekde goşýan goşantlary guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz welaýatlara iş saparlary döwründe, iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň öň ýanynda ýaşulylar bilen söhbetdeş bolýar. Bu bolsa ýurdymyzyň ykdysady kuwwatyny we halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler barada ýaşulylaryň pikirlerine döwlet tarapyndan uly hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Elbetde ýaşuly bolup ýaş nesle görelde bolmak jogäpkärli wezipe.Türkmen ýaşulysy jemgyýetimizde örän wajyp orny eýelemek bilen, şol göreldeli mekdebi döretmegi başarýar. Çünki, bu ýol ata-baba gelýän dowamatlylyk ýoludyr. 

      Ýaşulylaryň Halkara güni mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki medeniýet öýünde geçirilen dabara aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Dabaranyň dowamynda birnäçe çykyşlara orun berildi. Olaryň çykyşlarynda belleýişleri ýaly täze taryhy döwürde Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşuly nesillere aýratyn sarpa goýulýandygy barada, Watanymyza ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekdäki orunlarynyň has-da beýikligi barada aýratyn nygtalyp geçildi. Çykyş eden her bir bagtyýar ynsan ýaşuly nesliň wekillerini baýramçylyklary bilen gyzgyn gutladylar. Dabarada ýaşuly nesliň wekillerine hem söz berildi. Olar häzirki bagtyýar döwrümizde ajaýyp durmuşda ýaşaýandygymyz üçin Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar. Dabarada dili senaly ýaşuly nesliň wekillerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň eden çykyşlary dabara aýratyn bir öwüşgin berdi. Seýle-de, dabaranyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri’’ diýen kitabyndan ugur alyp ýaşuly nesliň wekillerine dermanlyk ösümliklerden taýarlanan melhemlik çaýlaryň hödürlenmegi hem aýratyn bir mana eýe boldy.

      Ýaşulylaryň Halkara güni mynasybetli Ak bugdaý etrap häkimliginiň, şeýle-de etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Ak bugdaý etrabynyň ýaşuly ýaşaýjylary Rejepmyrat Piriýew, Amanberdi Atadurdyýew, Daşgyn Haltäjow, Hydyr Ataýew, Annanazar Hudaýgulyýew, Jumamyrat Agaýew, Nurýagdy Hommadow, Ýegenmyrat Kuliýew, Hoşgeldi Meredow we mährem enelere Enegyz Aşyrowa, Enegül Mommakowa, Gülnabat Nurmyradowa, Ogulsona Seýitmyradowa, Ogulnäzik Aşyrowa dagylara bu sene mynasybetli  mähirli gutladylar we Hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. 

   Şeýle ajaýyp zamanada ýaşaýandyklary üçin ýaşuly nesliň wekilleriniň Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden syzdyryp aýdýan alkyşlary çäksizdir. Goý, görelde mekdebi bolup ýaşaýan ýaşuly nesliň wekilleriniň mertebesi hemişe belent bolsun!