logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Azyk bolçulygynda ýetilýän sepgitler
  05.07.2020
1399
Azyk bolçulygynda ýetilýän sepgitler

       Soňky ýyllarda ýurdymyzyň telekeçileri halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk önümçiliginde-de işjeňlik görkezýärler. Olara ýörite ýer bölekleri bölünip berlip, daýhanlar ekerançylyk bilen meşgullanýarlar hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler. Hasylyň döwlete tabşyrmaly möçberinden artygy ýurdumyzyň ak bazarlarynda satylýar. Bu bolsa bir tarapdan daýhanlaryň girdejileriniň artmagyny we işe bolan höwesini artdyrsa, beýleki tarapdan halkyň elýeterli gök önümler bilen üpjün edilmegine goşant goşýar.

         Şeýle oba hojalyk önümlerini öndürýän hojalyklaryň biri hem,  Bäherden etrabynyň Bamy oba geňeşliginiň çäginde telekeçi Ahmet Jumabaýewiň ýolbaşçylygynda ösdürilip  ýetişdirilýän miweli baglar bolup, onda: ülje, şetdaly, armyt, badam we alma ýaly bakja önümleri, jemi 230 gektar ýerde öndürilip, içerki bazarlarymyzda halka hödürlenýär. Häzirki wagtda baglar 4 ýyl oturyp hasyla durup doly derejede bermeli hasylyny berip başlady. Bäherden etrabynyň çäginde şeýle hojalyklaryň başga-da birnäçesi bolup, olaryň ähliside ýurdumyzyň azyk syýasatyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän yzygiderli goldawlaryň netijesinde döredilendir.