logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Azyk bolçulygyna goşant
  30.09.2026
105
Azyk bolçulygyna goşant

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ak bazarlarymyzda, söwda nokatlarymyzda azyk bolçulygynyň derejesi ep-esli artdy. Pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlanmagam muňa özüniň oňyn täsirini ýetirdi.

 

Ýere ykbalyny baglan edermen daýhanlar häzirki günlerde özleriniň jogapkärli işlerinde depginini gowşatman zähmet çekýärler. Halkymyzyň isleg bildirýän azyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmekde, ony isripsiz ýygnap almakda, bu ugurda ylmyň we tejribäniň soňky gazananlaryna salgylanyp hereket etmekde topar ýolbaşçylary, daýhan hojalygynyň ýolbaşçylary we bagbanlar önjeýli işleri amal edýärler. Olaryň alyp barýan irginsiz zähmeti özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Janypkeş daýhanlaryň yhlasyndan dörän gök önümleri hem-de beýleki harytlary terligine alyjylara ýetirmek bolsa bazarlar birleşikleriniň satyjylarynyň paýyna düşýär.

 

Gündelik durmuşymyzda gerek bolan ýeralma, sogan, käşir, kelem, pomidor, hyýar ýaly harytlar geçginliligi bilen tapawutlanýar. Bulardan başgada ir-iýmişler, dürli hili maňyzlar, hozlar, erik kişdeleri we guradylan önümler halkymyza hödürlenýär. Geljekde hem alyjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp, harytlaryň mukdarynyň artjakdygyna ynanýarys.

 

Maýsa BEKIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.