logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Azyk bolçulygy döredilýär
  06.02.2020
870
Azyk bolçulygy döredilýär

       Her bir günlerimizi taryhy wakalara, ajaýyp pursatlara, guwanja hem buýsanja besleýän “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda agzybir halkymyzy geljegi şöhratly Watanymyzyň nurana ertirlerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň ”Döwlet adam üçindir” diýen şygarynyň wysal bolýandygyny görmek, ony halkymyzyň gündelik durmuşynda duýmak, gyzgalaňly çekilýän zähmetiň miwesini tirmek, bu  uly bir bagtlylykdan nyşan. Hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzda azyk bolçulygyny döretmek, halkymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa gök önümler bilen üpjin etmek, önümçilige tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini artdyrmak ugrundaky alnyp barylýan beýik işleri barha rowaçlanýar. Bu baradaky beýik işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň aýratyn uly goşant goşýandygyna, Ahal welaýatynyň çäginde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap ýyladyşhanalary nusga hökmünde görkezmek bolar. Häzirki wagtda Ak bugdaý etrabynda açylyp ulanylmaga berlen birnäçe ýyladyşhanalar toplumy hereket edýär. Şolaryň biri hem telekeçi Mekan Kylyjewe degişli bolan ýyladyşhana toplumydyr. Bu açylyp ulanylyşa göýberilýän döwrebap ýyladyşhanalar halkymyzyň kämil iş orunlary bilen üpjin etmegiň aýdyň mysaly boldy. Ýeri gelende türkmen telekeçileriniň işleriniň barha rowaçlanýandygyny bellemek gerek. Türkmen topragynda öndürilýän önümleriň bolçulygyny döretmegiň, bereketli hasylyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmagy, importuň ornuny tutýan önümleriň köp mukdarda öndürilmegi ugrunda edilýän bimöçber aladalarynyň birkemsiz ýerine düşýändigine aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris. Häzirki wagtda diwarlary we üsti Günüň ekin üçin zerur bolan şöhlelerini kadaly geçirýän, uzakmöhletleýin döwür üçin niýetlenen berk hem dury polimer serişdeleri bilen örtülen ýyladyşhanalarymyzyň berýän bereketli bol hasyly bu günki-gün bazarlarymyzda, dükanlarymyzda azyk bolçulygyny döredýär. Ýurdymyzyň ykdysady, hereketlendiriji güýjiniň has-da ilerlemegine özüniň uly mümkinçiligini berýär. Özboluşly gözelligi bilen göreniň ünsini özüne çekýän ýyladyşhana toplumlarynda dürli gök-önümler öndürilip elýeter bahalar bilen halkymyza ýetirilýär. Şular ýaly ýylyň ähli paslynda, şol bir ýylylyk derejesi saklanýan, yhlasly işlemek üçin ähli şertler döredilen ýyladyşhanalar toplumynyň sany barha artýar. Bu ajaýyp bereketli ýerlerde zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyzyň Hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir!