Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /AWAZA MYHMANLARY GARŞYLAÝAR
  10.08.2019
826
AWAZA MYHMANLARY GARŞYLAÝAR

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan binýady berkden tutulan täze taryhy döwrümiziň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häzirki taryhy günlerinde ýene-de bir ajaýyp wakanyň bosagasynda durus. Ýene-de sanlyja günden Hazaryň türkmen kenarynda — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Bu waka bagtyýar türkmen halky üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, ilkinji gezek geçiriljek bu forumy geçirmek başlangyjy döwlet Baştutanymyza hut özüne degişlidir.
Birinji Hazar ykdysady forumy diňe bir Hazarýaka ýurtlary üçin däl, dünýäniň beýleki döwletleri üçin özara bähbitli hyzmatdaşlyga giň ýol açar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän bu giň göwrümli we ähmiýetli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegi ugrunda iňňän uly tagalla edýär. Bu gün Awazanyň özboluşly toý ruhuna beslenmegi we dünýäniň ýakyn-u — alys ýurtlaryndan myhmanlary garşylamagy milli Liderimiziň bu ugurdaky tagallalarynyň ýerine düşýändigine aňryýany bilen şaýatlyk edýär.
Daşary ýurtly myhmanlaryň halkymyzyň myhmansöýüjilik däpleri esasynda garşylanmagy häzirki ajaýyp döwrümizde pederlerimizden gelýän gadymy ýol-ýörelgeleriň bu günki nesiller tarapyndan dowam etdirilýändigi bilen baglanyşykly hakykaty Äleme ýaýýar.
Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenary, hakykatdan-da, behişt-jenneti ýada salýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi we taýsyz tagallasy bilen türkmen Diýarynyň täsin hem-de gözel künjeginde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bu gün göreni haýrana goýýar.
     Bu ýerde döredilen gözellikler deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bir-birinden kaşaň myhmanhanalar, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, häzirki zaman şypahana-syýahatçylyk ugurlaryna mahsus beýleki döwrebap desgalar bu ýere nuranalyk goşýar. “Ak ýelken”, “Tolkun” kottejler toplumlarynyň, “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni”, “Jadyly kenar” ýaly attraksionlar seýilgähleriniň, «Awaza» söwda merkeziniň, “Awaza” sport toplumynyň, “Ýelken” we “Tolkun” ýaht-klublarynyň özi hem tarypa mynasypdyr. Awazada gurulýan düzümleýin desgalaryň, sport we medeni-dynç alyş merkezleriniň geriminiň barha giňemegi has-da begendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenarynda syýahatçylyk zolagyny döretmeginiň esasy maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiiklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegini, şol sanda sportuň
suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin
mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şonuň bilen baglanyşykly, Bu täsin künjege aýlanyp göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň ýerine düşýändigine guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Bu ýerde sanlyja ýylyň dowamynda amala aşyrylan asyrlara barabar, dünýä nusgalyk işler kalplary joşa getirýär, ýüreklere ylham berýär. Hazaryň türkmen kenarynda halkara derejeli forumlaryň yzygiderli geçirilmegi hem-de oňa Ýer ýüzüniň döwletlerinden dürli derejeli. Myhmanaryň gatnaşmagy Awazanyň owazasyny, şan-şöhratyny arşa göterýär. Şeýle iri çäreleri geçirmek üçin gojaman Hazaryň kenarynda ähli
şertler bar. Bu hakykata ýene-de sanlyja wagtdan öz işine başlajak birinji Hazar ykdysady foruma gatnaşýan myhmanlar anyk göz ýetirer. Bagtyýar ulus-ilimiz eziz Diýarymyzda, onda-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda şeýle iri çäräni geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi, forumyň guramaçylykly geçmegi ugrunda tagalla edýändigi üçin hormatly
Prezidentimize alkyş aýdýar.