Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika strategiýasy: milli bähbitlerden halkara hyzmatdaşlyga ✦ ✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Awaza» halkara forumyna giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär
  17.07.2025
633
«Awaza» halkara forumyna giň gerimli taýýarlyk işleri dowam edýär

2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Şu möhüm halkara forumyna taýýarlyk işleri häzirki wagtda giň gerimde alnyp barylýar.


Bäş gün dowam etjek forum çäklerinde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Programmada işewür duşuşyklar, mowzuklaýyn sergiler, medeni çäreler we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet günleri göz öňünde tutulýar.
 

Forumyň dowamynda birnäçe ýokary derejeli çäreler geçiriler. Şolaryň hatarynda:

  • Plenar mejlisler,

  • Bäş sany mowzuklaýyn “tegelek stol” duşuşyklary,

  • Ýedi sany ýokary derejeli forum, şol sanda:

    • Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy,

    • Parlament forumy,

    • Hususy pudagyň forummy,

    • Raýat jemgyýeti forumy,

    • Ýaşlar forumy,

    • Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy,

    • Aragatnaşyk boýunça çäre.

Şeýle-de forumda halkara guramalar, gatnaşyjy döwletler we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan birnäçe tematik çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olar ýerüsti ulag, halkara ynanyşmak, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika we sirkulýar ykdysadyýet ýaly möhüm ugurlary öz içine alar.
 

Maslahata 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, hökümet wekilleriniň, BMG agza ýurtlaryň we Guramanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem halkara guramalar, parlamentleriň agzalary, maliýe institutlary, jemgyýetçilik guramalary hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşarlar.


Maslahatyň «Awaza» syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Bu ýer halkara hyzmatdaşlygyň we netijeli gepleşikleriň täze merkezine öwrülýär. Şeýle hem, forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen utgaşýar.


Bu forumyň maksady — deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň kynçylyklaryny ýeňip geçmäge, mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we olaryň ösüş ýolunda täze mümkinçilikleri açmaga ýardam bermekdir.

Pälwan NURMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 
"Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit" fakultetiniň dekany.