Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ata Watanymyzyň himiýa senagaty uly ösüşlere eýe bolýar
  19.04.2023
754
Ata Watanymyzyň himiýa senagaty uly ösüşlere eýe bolýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň himiýa senagatyny milli ykdysadyýetiň ýokary öndürijilikli pudagyna öwürmekde, onda täze ugurlaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli bäsdeşlige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, giň islege eýe bolan eksporta ugrukdyrylan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna uly üns berilýär. Çünki himiýa senagaty barha uly ösüşe eýe bolýan oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli mineral dökünleriniň önümçiligini alyp barýar. Uglewodorod çig malynyň baý gorlary, pudakda iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de ony gaýtadan işlemegiň täzeçil usullarynyň peýdalanylmagy önümleriň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga we möçberlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu pudakda azot önümlerini öndürýän kuwwatly kärhanalaryň birnäçesi üstünlikli işleýärler. Iri innowasiýa häsiýetli gazhimiýa toplumynyň gurluşygy önümleriň möçberlerini has-da artdyrmagyň ýolunda möhüm ädimdir. Pudakda öndürilýän, baýlaşdyrylan gaty azot döküni bolan karbamid diňe bir oba hojalyk pudagynda däl, eýsem, ol lukmançylykda dürli peýdaly önümleri öndürmek üçin ulanylýar. Öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary häzirden bu önümi satyn almaga gyzyklanma bildirýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kükürt kislotasyny öndürmek boýunça hem önümçiligiň ýokary ösüşlere beslenmegi bu pudagyň ösüşinde täze tapgyra badalga berýär. Kükürt kislotasy ösümlikler üçin mineral dökünleriniň bu görnüşiniň önümçiliginde örän möhüm düzüm bolup durýandygy sebäpli bu önümçiligiň mümkinçilikleri uludyr we örän düşewüntlidir. Kükürt kislotasy şeýle hem metallurgiýa pudagynda magdany gaýtadan işlemekde, nebit önümlerini arassalamagyň tehnologiýasynda peýdalanylýar. Ol şeýle hem reňkleri, plasmassalary, himikatlary, lukmançylyk önümlerini we ýuwujy serişdeleri öndürmekde zerur bolup durýar, gurşun akkumulýatorlarynda elektrolit hökmünde peýdalanylýar. Mineral dökünleriniň düzümleriniň baýlaşdyrylan görnüşleriniň önümçilikleriniň ýola goýulmagy himiýa pudagynyň ýene-de bir möhüm ugrudyr. Mineral dökünleriniň halkara söwdasynyň we olary öndürmek üçin çig mallaryň söwdasynyň möçberleriniň her ýylda artýandygyny bellemek gerek. Şeýle hem ýurdumyz daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýär, şundan ugur alnyp, önümçilik maksatly taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Dürli himiki önümleriň öndürilmegini ýola goýmak, taslamalaryň amala aşyrylmagyna dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ornaşdyrmak meselelerine hem uly orun berilýär. Pudakda täze, kuwwatly senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösmegine itergi berýär. Şeýlelikde, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň tutuş senagatynyň ösüşine badalga bolup, onuň hil taýdan çalt depginli ösüşini üpjün edýär we önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. Munuň özi import ugurly harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine ýardam etmek bilen, önümçiliklerde işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy milli ösüş maksatnamalarynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň senagatlaşdyrmagyň ýolunda okgunly öňe gitmegini şertlendirýär. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty senagat we ykdysady strategiýasynyň ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilendir. 

 

Sähra AKMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.