logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Aslynda, guşlar aýdym aýdýarmyka?
  22.10.2022
1780
Aslynda, guşlar aýdym aýdýarmyka?

Gözel tebigatymyzyň aýrylmaz bölegi hem bezegi bolan guşlar dünýäsi diýseň köpdürlidir. Guşlar diňe bir özüniň daşky ajaýyplygy bilen tebigatyň bezegi bolman, eýsem olaryň özboluşly sesleri-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Aslynda, guşlar aýdym aýdýarmyka?

Guşlaryň bu aýratynlygyny anyklamak boýunça ençeme barlaglar geçirildi. Guşlary öwrenýän alymlaryň halkara hyzmatdaşlygy Awstraliýanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan guşlarda gözlegleri alyp barmak bilen, gözlegiň netijesinde guşlaryň bu aýratynlygynyň ritmiki wagt bilen baglydygyny ýüze çykardylar. Sidneý saz konserwatoriýasynyň gözleg işgäri H.Teýlor şeýle derňewi Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde geçirdi. Käbir guşlar jübütleşme döwründe, käbiri bolsa günüň belli bir wagtynda dürli sesleri goýberýärler. 

Guşlaryň sesi saz eserlerinde.. 

Guşlaryň şeýle haýran galdyryjy sesleri ençeme sazandalaryň, kompozitorlaryň hem ünsüni çekýär. Guşlaryň sesini açyp görkezýän köp sanly saz eserleri hem bar. Guşlaryň her bir görnüşi özboluşly intonasiýany, belli bir ritmi öz içine alýan sesleri goýberýär. Dürli ýurtlaryň aýdym-saz wekilleri öz eserlerinde, kompozisiýalarynda guşlaryň bu aýratynlygyny peýdalanýarlar. Geçen asyryň ortalarynda ýaşan rus kompozitory E.W.Denisowyň «Birdsong» atly eserinde hem tokaý guşlarynyň ajaýyp sesleri şöhlelendirilýär. Meşhur kompozitoryň bu eserinde tebigatyň janly sesleri bilen saz gurallarynyň arasynda üýtgeşik sfera emele gelýär. 1972-nji ýylda meşhur kompozitor E.Rautawara dürli guşlaryň sesleri bilen orkestriň sazlaşykly owazy döredýän ajaýyp saz eseri bolan «Cantus Arcticus» atly eseri döretdi.

Janly tebigatyň bezegi bolan guşlaryň şeýle ajaýyp aýdym-saza çalymdaş sesleri her bir döredijilik adamlaryny täze-täze saz eserlerini döretmäge höweslendirýär.

 

Bägül ARYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.