logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /ARKADAGYŇ GYMMATLY SOWGATLARY
  01.09.2019
1150
ARKADAGYŇ GYMMATLY SOWGATLARY

    Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri hormatly  Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan täze tehnologiýaly  pagta ýygyjy kombaýnlaryny sowgat aldylar.

      Täze kombaýnlaryň kerwen gurap Ahal welaýat merkezine gelmegi hemmelerde egsilmez buýsanç duýgusyny döretdi. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ahal welaýat häkimliginiň hem-de degişli edara-kärhanalaryň işgärleri, oba zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri  döwlet Baştutanymyzyň bu gymmatly sowgadyny — tehnologiýanyň iň täze gazanylan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan pagta ýygyjy kombaýnlaryny gyzgyn garşy aldylar. Şu mynasybetli welaýat merkezindäki ýörite gurnalan toý meýdançasynda  bolan dabara ruhy göteriji häsiýeti bilen alamatlandy.

   Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde uly tagalla edýändigi, häzirki zamanyň kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli sowgat edýändigi üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyşly we hoşsllyk sözlerini aýtdylar. Çykyşlarda oba zähmetkeşlerine berýän goldawy, kömekdir ýardamlary ykbalyny topraga baglan adamlary has yhlasly zähmete ruhlandyrýandygy dogrusynda aýdylyp, täze oba hojalyk tehnikalarynyň daýhanlara uzak ýylaryň dowamynda daýhanlara netijeli hyzmat etmegi arzuw edildi.

   Dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna utgaşyp, joşgunly aýdym-sazlar, milli öwüşginli tanslar hemmelere keýpiçaglyk eçildi. Soňra dabara gatnaşyjylar depesinde buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugly, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň surat-portreti bolan bezemen pagta ýygyjy kombaýnlaryň ýanynda bardylar. Bu ýerde mährem eneler asylly däbe eýerip, ýagşy arzuw-niýetler bilen täze kombaýnalara ýüzärlik tütetdiler,  un sepdiler hem-de alaja dakdylar. Soňra il sylagly nurana ýaşulular we oba hojalyk işgärleriň täze tehnikalar, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.           Dünýäniň iň kämil tehnikalarynyň biri hasaplanýan “John Deere 9970” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlar ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, nobatdaky tapgyrda welaýatymyzyň daýhanlaryna sowgat edilen täze “John Deere 9970”  kysymly kombaýnlarynyň  50-si  ozaldan bar bolan pagta ýygyjy  tehnikalarynyň üstüni ýetirdi.