Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanly agyr atletikaçy Aziýa çempiony boldy ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi
  07.06.2024
244
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi. Žurnalyň 2024-nji ýylyň 5-nji ýanyndaky neşiriniň ilkinji sahypalarynda 18-nji maýda bellenilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Döwlet berkararlygynyň synmaz sütünleri» atly makala ýerleşdirilipdir. «Mertebe belentligi» diýlip atlandyrylýan çykyş bolsa Magtymguly Pyragynyň paýtagtymyzda bina bolan ajaýyp ýadygärligine bagyşlanypdyr.

 

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty we Balkan welaýat häkimligi bilen bilelikde geçiren «Magtymguly ― geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahaty hem neşiriň täze sanynda giňden şöhlelenýär. 

 

«Mukaddes Tuga tagzym» atly çykyş Döwlet baýdagymyzyň ýüreklere ornan gymmatlygynyň waspy bolup ýaňlanýar. «Ömrüň manysy Watandan başlanýar» atly makala Watan goragçylarynyň köňül kelamyny dile getirse,  «Aşgabat: geçmişden geljege uzaýan gözellik» atly makalada 25-nji maýda bellenilen paýtagtymyzyň güni bilen bagly ýakymly wakalar öz beýanyny tapypýar.

 

«Gahrymanlar unudylmaýar» atly makalada Watan ugrundaky göreşlere gatnaşan gahrymanlarymyzyň edermenlikleri ör boýuna galýar. «Hatlardaky hasratlar» atly çykyş bolsa geçmişde galan ýalynly ýyllardan söz açýar.

 

«Gadymyýetden gözbaş alýan şäher» makalasynda gadymy Änew şäheriniň öwreniliş taryhy birme - bir yzarlanylýar. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylan çykyşda bolsa sanly kitaplaryň ähmiýeti dogrusynda söz açylýar. 

 

Neşiriň asylly däbine öwrülen «Ýaşlar ― ylym dünýäsinde» atly tapgyrda bu gezek hem ýaş alymlaryň ikisiniň ylmy gözlegleri bilen tanyşdyrýar. Elektron neşiriň şu sanyndaky «Ýaňydy dolanym seniň goýnuňa...» atly makala we onuň bilen ugurdaş çykyşlar hem has täsirli bolupdyr. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň şu ýylky uçurymlarynyň ýürek sözleri paýlaşylypdyr. 

 

Žurnalyň täze sanynyň nobatdaky makalalary ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň arasynda guralan sport ýaryşlarynyň netijelerine, Hazar deňziniň ajaýyplyklaryna, bilim ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işlere bagyşlanypdyr.

 

«Magtymguly Pyragynyň şygyrlary Sahy Jepbarowyň aýdymlarynda» atly makalany ussat bagşynyň ady dakylan agtygy ýazypdyr. Neşirdäki çykyşlar «Gün zarňyldadyp jaň kakmaz» atly şahyrana oýlanma bilen jemlenýär. 

 

Žurnalyň ahyrky sahypalarynda «Talyp joşguny ― 2024» atly döredijilik festiwalynyň bildirişi, «Tomus işdäaçarynyň» taýýarlanylyşy we «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumatlar bilen tanşyp bolýar. 

 

Maral ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.