logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çap edildi
  05.02.2026
446
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çap edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda neşir edilýän «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara ýetirildi. Neşirde ýylyň başynda ýurdumyzda bolup geçen möhüm taryhy wakalar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly rubrikanyň çäginde jemlenýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Žurnalda türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde gazanan abraýy barada gürrüň berýän birnäçe makala ýerleşdirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki üstünlikleri aýratyn bellenilýär. Şeýle-de täze ýylyň ilkinji günlerinde zehinli çagalara gowşurylan Gulbaba adyndaky baýraklar barada giňişleýin maglumat berilýär.

 

Neşiriň sahypalarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli taýýarlanan makala, döwrebap ösüşleriň nyşany hökmünde täze banknotlara bagyşlanan ýazgy, sanly ykdysadyýet bilen bagly wirtual aktiwler hakyndaky seljerme hem orun alypdyr. Mundan başga-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerine, sungat we edebiýat temalaryna bagyşlanan ylmy we döredijilik häsiýetli makalalar okyjylara hödürlenýär.

 

Däp boýunça žurnalda ýaş we halypa şahyrlaryň täze eserleri, döredijilik bäsleşikleriniň netijeleri, täleýnama hem-de milli aşhana degişli gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

 

Aýjeren MEDEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.