logo

Latest news:
✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Nature /ARASSA TEBIGAT – SAGDYN NESIL
  23.11.2022
1445
ARASSA TEBIGAT – SAGDYN NESIL

Tebigatyň goraglylygy, arassalygy we gözelligi barada ata-babalarymyz  müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak  hakynda  aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler. Pederlerimiz her bir adamyň özüni alyp barşynyň ulgamyna janly tebigaty gorap saklamagyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň pugta ornaşmagyny  gazanypdyrlar. Ýurdumyzyň sebitleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, görnüşine görä öwrenilip, ekilýän baglar ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. «Gök guşak» syýasatynyň we Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, Aral deňziniň guran ýerlerinde emele gelýän duzly tozanlaryň ýetirýän zyýanly täsirini peseltmäge, Garagum çölüniň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, çölleşme hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, süýşýän çägeleri berkitmäge we çöl ýerlerini tokaýlaşdyrmaga uly ýardam edýär. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyz Aşgabadyň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklaryny döretmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde millionlarça agaç nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu babatda ýurdumyzda ýöredilýän  ekologiýa syýasaty  tebigatyň   sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet ähmiýetli çäreler häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanýar. Baglaryň amatly tebigy gurşawy döretmekdäki, biodürlüligi artdyrmakdaky ähmiýeti bimöçberdir. Şu nukdaýnazardan bag ekmek  howa şertleriniň üýtgemeginiň  öňüni almak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar boýunça öňde goýlan maksatlara ýetmäge şert döretmek bilen bir hatarda adamlaryň saglygyny goramak, berkitmek diýmekdir. Ýurdumyzda tebigatyň goraglylygyna, amatly daşky gurşawyň döredilmegine, ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýän çäreleriň ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, halallyk, ynsanperwerlik, sagdynlyk hem bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti diýseň uludyr. 

 

Kemal HÜRMENOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.