logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Interesting /Antraktidadaky  synanyşyklar
  31.05.2022
1066
Antraktidadaky  synanyşyklar

       Germaniýanyň howa we kosmos merkezi EDEN ISS taslamasynyň netijelerini yglan etdi. Ýagny onuň maksady  Antraktidada ýyladyşhanalary dikeltmek we bol hasyl almak boldy.  Antraktidada geçirilen synagda ýyladyşhananyň sarp eden güýji her inedördül metr kwadrat üçin ortaça 0,8 kWT deňligine gözegçilik edildi, bu energiýa kosmos ýyladyşhanasy üçin hasaplanan parametriň bahasyndan iki esse az. Gözegçi Pol Zabel bir ýyllap hemişelik buz bilen örtülen ýerde, emeli yşyklandyrmanyň kömegi bilen topraksyz şertlerde ösümlikleri ösdürmegi başardy. Ol ösümlikleri gidroponika usulunda ösdürip yetişdirdi. Pol Zabeliň esasy öňünde goýan maksady diňe bir ösümlikler üçin däl, eýsem adamlar üçin hem amatsyz toprak – howa şerti bolan  ýerlerde ösümlik ösdürmekdi.
       Alym Pol Zabele ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ortaça günde 3-4 sagat wagt  gerek boldy. Wagtyň üçden bir bölegi ýyladyşhananyň tehnologiki hyzmatyna ,beýleki bölegi bolsa ekiş we hasyl ýygnamak,ideg etmek işlerine harçlandy.Geljekki göz öňünde tutulýan ýyladyşhanalarda gözegçilik we tehniki hyzmatlar üçin sarp edilýan wagty ep-esli azaltmak göz öňünde tutulýar. Daniel Şubertiň pikiriçe bir ýylyň dowamynda Antraktidadaky ýyladyşhana  ýeterlik iýmit öndürmek üçin uly ýer talap etmejegini görkezdi. Dokuz aýyň dowamynda 12,5 inedördül metr meýdanda 268 kilogram önüm öndürildi. Şol sanda 67 kilogram hyýar, 117 kilogram salat, 50kilogram pomidor. Täze gök önümleriň ýakymly ysy we tagamy  toparda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

Oguljemal Batyrowa 
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.