logo

Latest news:
✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦ ✦ Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi öz işine başlady ✦ ✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦
Home / Technology /Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi öz işine başlady
  09.10.2026
7
Antalýada 77-nji Halkara astronawtika kongresi öz işine başlady

Türkiýäniň Antalýa şäherinde 77-nji Halkara astronawtika kongresi açyldy. Bu iri halkara çäre Türkiýede ilkinji gezek geçirilýär. Bäş gün dowam etjek kongresde Aýy öwrenmek, hemra tehnologiýalaryny ösdürmek, emeli aňyň kosmos pudagynda ulanylyşy, kosmos howpsuzlygy we halkara hyzmatdaşlygy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

Kongrese dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan we sebitinden 10 müňden köp gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň hatarynda kosmos agentlikleriniň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, inženerler hem-de pudagyň beýleki hünärmenleri bar.

 

«Dünýä has köp kosmosa mätäç» diýen şygar bilen geçirilýän kongres halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekýär. Guramaçylar bu hyzmatdaşlygyň häzirki geosyýasy dartgynlylyk şertlerinde has-da möhüm bolup durýandygyny belleýärler.

 

Kongresiň sergi meýdançasynda ABŞ, Hytaý we Russiýa ýaly kosmos pudagynda öňdebaryjy ýurtlar bilen birlikde, milli kosmos maksatnamalaryny ösdürýän beýleki döwletler hem öz gazananlaryny görkezýärler. Olaryň arasynda Türkiýe hem bar.

 

Häzirki wagtda dünýäniň kosmos ykdysadyýetiniň ýyllyk möçberi takmynan 600 milliard ABŞ dollaryna deňdir. Çaklamalara görä, 2035-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 1,8 trillion dollara ýetmegine garaşylýar.

 

Kongresde ýaş alymlaryň we talyplaryň taslamalaryna hem aýratyn orun berilýär. Olar kosmos robototehnikasy, geljekki Mars missiýalary üçin niýetlenen tehnologiýalar, mikroagyrlyk şertlerinde ylmy barlaglar we kosmosda önümçilik ýaly ugurlardaky işläp taýýarlamalaryny tanyşdyrýarlar.

 

Kongres kosmos tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmak, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we pudagyň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm halkara meýdançasy bolup hyzmat edýär. Şeýle hem ol dürli ýurtlaryň arasynda ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

 

Gunça GURBANNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.