Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Andukan” obasy barada
  04.05.2020
552
“Andukan” obasy barada

       Orta asyr alymlarynyň bellemeklerine görä, Sarahs ülkesi gündogar ýurtlarynda özüniň iňňän ýokary hilli bugdaýy we mähnet düýeleri bilen meşhur bolupdyr. Mary-Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uly düşelge bolan Sarahs şäheriniň töwereklerinde onlarça  obalar bolupdyr. Taryhçy As-Samany özüniň ,,Atlaryň genologik kitaby” diýen işinde, Sarahs obalarynyň adyny hem agzap geçýär, olaryň käbirleri barada dolyrak taryhy maglumatlary berýär. Ýagny, “Andukan” obasy Sarahs şäheriniň 7-8 km. günorta-gündogar tarapynda ýerleşýär. Sasanid döwründe esasanda V –VII asyrlarda feodal gatnaşyklarynyň sosial gurluşynyň üýtgeşmeleri sebäpli oturumly ýerleriň görnüşleriniň çylşyrymlaşmagy bolup geçýär. Sasanid döwründe bu ýerde feodal köşgi döräp, ol daýhanlaryň obasy bilen birleşip, ýeke-täk goranyş ulgamyny döredipdir. “Andukan” obasy, baryp antik döwründe dörän bolmagy mümkin, sebäbi bu ýerden tapylan giçki parfiýa döwrüne degişli puluň (teňňeleriň) we keramiki önümleriň tapylmagy şaýatlyk edýär.  

       Bu obanyň Andukan ady, fars sözi bolup obada söwda dukanlarynyň köp bolandygyny aňladypdyr, bu obada kiçiräk bazar hem ýerleşipdir. Gadymy Sarahs şäheriniň bazarynda hem satylan harytlaryň ähli görnüşleri bu ýerden tapyp bolupdyr.

     Häzirki wagtda ,,Köne Sarahs” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda Ýartygümmez depe ady bilen hasapda duran bu arheologiýa ýadygärlik gadymy Andukan obasydyr. Ýartygümmez depe şol orta asyr obasynyň merkezi galasy bolup, onuň günbatarynda ýerleşýän atsyz depe-6 arheologiýa ýadygärligi bolsa oba etegidir. Bu arheologiýa ýadygärligine ýerli ilat tarapyndan Ýartygümmez depe diýimeginiň sebäbi edil şol depäniň golaýynda öz döwrüniň ajaýyp binagärlik sungaty bolan Ýartygümmez arhitektura ýadygärligi ýerleşýär.

       Ýartygümmez (Ahmet al-Hadynyň) kümmeti As-Samanyň berýän maglumatlaryna görä Şyh Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstüne bina edilipdir. Orta asyrlarda ol ýerde Andukan atly uly oba ýerleşipdir. Şol döwrüniň görnükli Merwli taryhçysy, alymy As-Samanynyň (1116-1167) ,,Kitap ai-ansap (Atlaryň genologik kitaby) diýen işinde şeýle setirler bar ,,Andukan Sarahsyň obalaryndan biri, onda Şyh Ahmet al-Hadynyň mazary bar” XX asyryň gadymyýeti öwrenijileri görnükli alymlaryň (G.A.Pugaçenkowa, M.Z.Masson) pikirlerine görä, Ýartygümmez as-Samanynyň şol Andukan obasyndaky Ahmet al Hadynyň mazarynyň üstünden bina edilen ymarat bolmaly. Ahmet al- Hadyn X-XI asyrlarda Sarahs şäheriniň Andukan obasynda ýaşap il içinde uly abraýdan peýdalanan musulman dininiň görnükli wekilleriniň biri bolupdyr.