logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Amatly daşky gurşaw – abadan durmuş
  22.04.2023
1113
Amatly daşky gurşaw – abadan durmuş

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ekologik bilimi we ekologik medeniýeti ösdürmek, daşky gurşawy goramak babatda uly aladalar edilýär. Ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we olaryň ýaýran meýdanlaryny gowulandyrmak, ekologik ýagdaýy we ykdysady netijeliligi kadalaşdyrmak maksady bilen giň gerimli işlere badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, Tokaýlary, ýaşyl zolaklary, milli seýilgähleri döretmek boýunça işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny hem bellemelidiris. Oba hojalyk maksatly hem-de oňa ýanaşyk ýerlerde topragyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, esasy agrotehniki çäreleri geçirmek arkaly çyglylygy saklamaga, topragyň düzümini hem-de ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen işler ýola goýulýar.

Ak mermerli gözel paýtagtymyzy we beýleki sebitlerimizi bezeýän ajaýyp seýilgähler, suw çüwdürimli ýaşyl zolaklar, bag-bakjaly köçeler özboluşly gözelligi we amatly howa ýagdaýyny döredýär. Olar şäher giňişliginiň, binagärlik ulgamlarynyň görküne görk goşýar. Merjen şäherimiz Aşgabady, obadyr şäherlerimizi ösdürmek babatda Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary täzeçil wezipeleri, şol sanda giň gerimli gurluşyklary amala aşyrmak hem-de ony abadanlaşdyrmak, toplumlaýyn düzümi kemala getirmek babatdaky konsepsiýasynyň esasyny hem ekologiýa ýörelgesi düzýär. Ýurdumyz ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýady döredildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda tebigy serişdeleriň rejeli ulanylmagyna we daşky gurşawyň goralmagyna döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidildi. «Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyndan ugur alnyp, senagat kärhanalaryny tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler hem amala aşyrylýar. Önümçilik düzüminiň täze desgalaryny gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak işleri ekologik howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýar.

Ekologik terbiýe meselesine üns bermek bilen, okuw dersleriniň çäginde ekologiýa dersini içgin öwretmek, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda berilýän bilimi ýokarlandyrmaga ýardam berýän ýörelgeler hil taýdan kämilleşdirilýär. Ekologik medeniýetiň esasy maksady jemgyýetiň, aýratyn hem ýaş nesliň ekologik düşünjesini, milli terbiýesini kämilleşdirmek, tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Şeýle möhüm çäreler ähli raýatyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini kemala getirmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaga ýardam edýär. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.